Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Baýdagymyza we ejir çekýänlere uzan elleri döweris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň bosgunlaryň üsti bilen meçew beriji aksiýalary guramak isleýänlere reaksiýa bildirendigini ýazýar. Ýigrenç diskurslaryna, faşizme we meçew bermelere boýun egmejekdiklerini aýdan Erdogan: Baýdagymyza uzan elleri döwüşimiz ýaly, ýurdumyza sygynan ejir çekeýänlere uzaýan elleri hem döwmegi bileris” diýdi.

“Star” gazeti “PKK-nyň Şwesiýadaky bölegine uly zarba uruldy” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-nyň Şwesiýadaky zenanlar bölümi diýilýän toparynyň jogapkäri, Şwesiýanyň raýaty Zozan Baranssonyň Mardinde ele salynandygyny mäim edýär. PKK terrorçysy ýurtdan çykaryldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dokuz ýurt bilen eksportda rekord ösüş” söz başyly habarynda, soňky ýyllarda Türkiýäniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlary bilen bolan özara we ýokary derejeli gatnaşyklaryny ösdürendigini mälim edýär. Türkiýäniň gurama agza ýurtlara eksporty soňky 5 ýylda 85 göterim ýokarlady.

“Hürriýet” gazeti “Doýçe bankyň türk lirasy wekseli hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, merkezi Germaniýada ýerleşýän Doýçe bankyň türk lirasy görnüşli wekselleriň maýadarlar üçin iňňän amatlydygynyny beýan edendigini ýazýar. Bank, türk lirasynyň global derejede ýokary performansa eýe bolan pul birligidigini beýan etdi.

“Sabah” gazeti “Türk milli ýygyndysy Germaniýada taryh ýazdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasynyň EURO 2024 Ýewropa çempionadynda çärýek finala çykmak üçin Awstriýa bilen möhüm bäsleşik geçirendigini ýazýar.

Milli futbol komandasy bäsleşigi 2-1 hasabynda üstünlikli tamamlap, turnirde çärýek finala çykdy.Türk milli komandasynyň çärýek finaldaky bäsdeşi Gollandiýa boldy.Bäsleşik 6-njy iýul şenbe güni Ankara wagty bilen sagat 22.00-da Berliniň Olimpiada stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk we Amerikan Resmileri Siriýadaky Soňky Ýagdaý Hakynda Pikir Alyşdy
Terrorçy Zilan Azak Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi