“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary işler ministrliginiň Gaza boýunça diplomatiýasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Eýranyň Daşary işler ministriniň vezipesini ýerine ýetiriji Ali Bakyri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Gazadaky soňky ýagdaý ve çaknyşyklaryň sebitleýin derejede ýaýrama hovpy hakynda pikir alyşyldy.
“Star” gazeti “Türkiýeden Bolgariýany aradan aýyrjak alternativ ugur” söz başyly habarynda, Türkiýe-Karasu bilen Rumyniýa-Konstansa aralygynda 3-nji iýyldan başladyljak Ro-ro gämi gatnavynyň viza boýunça meselesi bolmadyk türk konteýner sürüjileriniň Ýevropa has gysga möhletde gidip-gelmegini üpjün etjekdigini ýazýar. Ro-ro gatnavy gümrük geçelgelerindäki gelim-gidimi hem azaldar.
“Sabah” gazeti “Günlük önümçilik 5,5 million m3-a ýetdi” söz başyly habarynda, Eenergetika ve tebiby serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Sakarýa gaz giňişliginde günlük önümçiligiň 5,5 million m3-a ýetendigini aýdandygyny nygtap; “Ol, 2,4 millon hojalygyň tebigy gaz isleginiň Sakarýa gaz giňişliginden kanagatlandyrylýandygyny aňladýar.
Häzirki vagtda Türkiýäniň nebit ve tebigy gaz önümçiliginde içerki ve daşarky önümçiligi 250 müň barrel” diýen sözlerini çap edýär.
“Haber Türk” gazeti “Antalýa hova menzili 209,5 müň ýolagçy bilen rekord goýdy” söz başyly habarynda, Ulaglar ve infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň Antalýa hova menzilinde 29-njy iýunda 209,5 müň ýolagçy bilen 2024-nji ýylyň iň ýokary sanyna ýetilendigini mälim edendigine ünsleri çekýär.
“Vatan” gazeti “Topgapy köşgüne gijeki gezelençler” söz başyly habarynda, Stambuldaky Topgapy köşgüniň 1924-nji ýylda muzeý hökmünde açylmagyndan bäri taryhynda ilkinji gezek gijeki myhmanlaryny kabul etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 28-nji iýunda başlan täze düzgün bilen Topgapy köşgi şenbe günleri sagat 21-23 aralygynda görülip bilner.