Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Gazadaky barbarlygyň jogapkärleri hukugyň öňünde hasabat bererler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Prezidentiň kompleksinde Estoniýanyň Prezidenti Alar Karis bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirendigini ýazýar. Metbugat ýygnagynda Gaza meselesinde durup geçen Erdogan; “Gazadaky bu barbarlygyň jogapkärleri halkara hukugyň öňünde iru-giç hasabat bererler. Türkiýe elinden geleni etmäge dowam eder” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Soňky iki hepdede 89 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklar boýunça resmisi admiral Zeki Aktürküň ministrlikde geçiren ýygnagynda; “Üstünlik bilen geçirilýän operasiýalarda Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen bilelikde soňky 2 hepdede 89 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1270-e ýetdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Uralogly beýan etdi: “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň 17-23-nji iýun aralygndaky görkezijilere görä Stambul howa menziliniň günde ortaça 1520 uçuş bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny beýan edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Ýerlikaýa nemes kärdeşi Faser bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň Germaniýanyň Federal İçeri işler we döwlet ministri Nansy Faser bilen duşuşandygyny mälim edýär. Düýn Berlinde geçirilen duşuşykdan soň guralan bilelikdäki metbugat ýygnagynda toparara duşuşykda iki ministrligiň degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy boýunça pikir alyşylandygy beýan edildi.

“Star” gazeti “Nebit we tebigy gaz boýunça 2 ylalaşyga gol çekildi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Marokkanyň arasynda energetika we magdançylyk pudaklarynda iki ylalaşyga gol çekilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ylalaşyklaryň nebit, tebigy gaz, magdançylyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary iş ýüzüne geçirmegi nazarda tutýandygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny