Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Tomus aýlarynda has güýçli operasiýalary geçireris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Polis Akademiýasynyň gutardyş dabarasynda eden çykyşynda soňky 1 ýylda PKK/KJK garşy geçirilen operasiýalarda 7 sanysy gyzyl kategoriýada gözlenýän, jemi 1045 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Tomus aýlarynda has ygrarly we netijeli operasiýalar geçireris” diýdi.

“Sabah” gazeti “Fidan: Gazada her gün harby jenaýat edilýär” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Çeh Respublikasynyň Daşary işler ministri Lipawskiý bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Gazada dowam edýän gumanitar pajyga hakynda durup geçendigini mälim edýär. Fidan: “Ysraýyl Gazada sözüň doly manysynda etniki saplaýyş işini alyp barýar. Gazada her gün harby jebaýat edilýär” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe Ýewropa ýurtlarynyň arasynda birinji orny eýeledi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2023-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynyň arasynda digital mazamlaýyş maýa goýumlarynda ösüş eden esasy ýurt bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. 29 ýurduň arasynda 8-nji orny eýelän Türkiýe 118 göterimlik rekod ösüş bilen 2022-nji ýylda bolşy ýaly 2023-nji ýylda hem ösüş eden esasy ýurt boldy.

“Hürriýet” gazeti “Türk bankçylyk pudagynyň panoramasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, kredit derejelendiriş guramasy “Fitch” tarapyndan türk bankyçylyk pudagynyň panoramasynyň ýokarlandyrylandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Togg Ýewropanyň köçelerini bezär” söz başyly habarynda, 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda döredilen “Togg” firmasynyň öndüren ilkinji akylly enjamy T10X bilen Türkiýäniň elektromobil bazarynda esasy orny eýelän bolsa, geljek ýylyň başyndan başlap täze modelleri bilen Ýewropanyň bazarlarynda-da özüni görkezjekdigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny