Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Gyzyl kategoriýadaky 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Batman welaýatynyň çetki obalarynda geçirilen “Bozdogan-45” operasiýasynda gyzyl kategoriýadaky 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar. Baýramçylyk dynç alyşynyň dowamynda 2 sanysy gyzyl, 4 sanysy mämişi, 2 sanysy çal kategoriýada jemi 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

“Star” gazeti “Gepleşikler başlaýar” söz başyly habarynda, Alžiriň Söwda wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda çykyş eden Söwda ministri Ömer Boladyň Türkiýe bilen Alžiriň arasynda 10 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmek üçin ynam bilen öňe barýandyklaryny beýan edip; “Iki ýurduň arasynda ýakyn gelejekde “İslege bagly söwda ylalaşygy” boýunça gepleşiklere başlanjakdygyny buşlasym gelýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa howa menzilinde täze rekord” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Aldulkadir Uraloglynyň Antalýa howa menzilinde 22-nji iýunda jemi 199,7 müň ýolagçy we 1,175 uçuş gatnawy bilen ýylyň iň ýokary uçuş hem-de ýolagçy sanyna ýetilip, täze bir rekorduň goýulandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türk howaýollary dokuzynjy gezek “Ýewropanyň iň gowy Howaýoly diýlip saýlandy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň 2024-nji ýylyň Bütindünýä dünýä Howaýollary baýraklarynda “Skaýtraks” tarapyndan “Ýewropanyň iň gowy Howa ýoly” diýlip saýlanandygyny mälim edýär.

Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen Bütindünýä Howaýollary baýraklarynyň gowşurlyş dabarasynda dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy howa ýoly saýlanan Türk howaýollary şeýle hem “Dünýäniň in gowy biznes klas üpjünçilik gullugy” we “Günorta Ýewropanyň in gowy howa ýoly” baýraklaryna laýyk görüldi.

“Sabah” gazeti “3300 ýyllyk syrly açyş” söz başyly habarynda, Kyrykkale welaýatynda gazuw-agtaryl işlerini geçiren arheolog Kimiýoşi Matsumuranyň Büklükale gazuw-agtaryş zolagynda Hitit imperiýasy zamasyndan galan 3,300 ýyllyk daş tablet tapandygyny ýazýar. Tablet hitit we hurri dillerinde ýazylyp, Hitit şa maşgalasynyň dini çärelerini gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny