Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Altaý Amerikan metbugatynyň üns merkezinde” söz başyly habarynda, ABŞ-da neşir edilýän “National Interest” žurnalynyň “Altaý” tanky hakynda üns çekiji analiz-makalany okyjylarynyň dykgatyna ýetirendigini ýazýar. “Altaý” tankynyň “kategoriýasyndaky iň gowulardan biridigini” nygtalyp, esasan-da ýokary gorag ulgamyna üns çekilýär.

“Star” gazeti “Hauswald: Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýarys” söz başyly habarynda, nemes port firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Mark-Oliwer Hauswaldyň Türkiýäniň ajaýyp infrastrukturaksynyň we möhüm el güýjüniň bardygyny beýan edip; “Türk bazary bilen ýakyndan gyzyklanýarys, sebäbi gelejekde uly mümkinçilikleriň bardygyny pikir edýaris” diýen sözlerini çap edýär. Hauswald golaýda Türkiýä sapar gurajakdyklaryny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Antalýa howa menzilinde ýylyň iň ýokary ýolagçy sanyna ýetildi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadyr Uraloglynyň 22-nji iýunda Antalýa howa menzilinde 199,751 ýolagçy we 1175 uçar gatnawy bilen ýylyň iň ýokary uçuş hem-de ýolagçy sanyna ýetilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň iň bagtyýar 250 şäheri belli boldy: Türkiýede 3 şäher sanawa goşuldy” söz başyly habarynda, her ýyl merkezi Britaniýada ýerleşýän Ýaşaýyş durmuşynyň hili instituty tarapyndan düzülýän dünýäniň iň bagtyýar 250 şäheri sanawynyň başynda Daniýanyň Aarhus şäheriniň durýandygyny mälim edýär sanawda Türkiýeden Stambul, İzmir we Antalýa şäherleri bar.

“Sabah” gazeti “Türk tagamlary dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, gastranomiýa dünýäsini seljerýän merkezi Horwatiýada ýerleşýän “TasteAtlas” atly ýerli tagamlary seljerýän platformanyň “dünýäniň iň süýji 100 kökesi” sanawynda “İzmir bombasynyň” 14-nji orny eýeländigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Saha Türkçesi - 1
Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatdaky Sport ulag merkezine baryp gördi
Spor Toto Super Liganyň 38-nji we soňky hepdesi tamamlandy
Spor Toto Super Liganyň 37-nji hepdesi tamamlandy
Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda Ministrligi bilen iş maslahaty