Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Fidan Russiýada BRIKS boýunça ýüzlenme berdi” söz başyly habarynda, Russiýada geçirilen BRIKS+ maslahatynda çykyş eden Daşary işler ministri Hakan Fidanyň “Prezident Erdoganyň “Dünýä bäşden uludyr” şygarynyň ýolbeletliginde Türkiýe BMG-nin Howpsuzlyk geňeşi we BMG-niň ýany bilen beýleki köptaraly guramalarda-da özgertmeleriň edilmegi ugrunda tagalla alyp barýar. Şol çäkde BRİKS bilen hyzmatdaşlygymyz möhüm.

BRİKS-däki şertleriň galkynyşy we durnuklylygy güýçlendirmek üçin möhüm serişde bolup durýandygyna ynanýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň 2-nji kosmonawty Atasewer ýurda dolandy” söz başyly habarynda, Türk kosmos ylmy missiýasynyň çäginde Orbita asty barlag uçuşyny amala aşyran Türkiýäniň ikinji kosmonawty Tuwa Jihangir Ataseweriň Türkiýä dolanyp gelendigini ýazýar. Atasewer tejribelerini ýaşlar bilen bölüşmek üçin sabyrsyzlanýandygyny beýan etdi.

“Watan” gazeti “Fansuz mediasy Türk howaýolaryndan hoşal” söz başyly habarynda, Fransiýanyň “Le Mond” gazeti Türk howaýollarynyň bäsdeşlerini gabandyrýan işleri durmuşa geçirip, global awiasiýa pudagynda möhüm pozisiýa eýeleýändigini ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Şimşek Bütindünýä bankynyň toparynyň başlygy bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň düýn Bütindünýä bankynyň toparynyň Başlygy Banga bilen duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda Bütindünýä banky bilen Türkiýäniň arasynda 2024-2028-nji maliýe ýyllaryny öz içine alýan maliýe we tehniki hyzmatdaşlygynyň özenini emele getirýän “Ýurt hyzmatdaşlygy çarçuwasy” hakynda pikir alyşyldy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Uralogly: Maý aýynda howa menzillerinde 20 million ýolagça hyzmat edildi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň düýn beren ýazmaça beýannamasynda; “Maý aýynda howa menzillerinde 20,2 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edildi. Ýanwar-maý aýlarynyn aralygynda bolsa 82,1 milliondan gowrak ýolagçy howa ýolundan peýdalandy” diýip, maglumat berendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny