Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan Aliýew bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Ýolbaşçysy R.T.Erdoganyn çakylygyna laýyklkkda düýn Ankara iş saparyny gurandygyny ýazýar. Prezidentiň Kompleksinde duşuşan liderleriň duşuşygynda Türkiýe bilen Azerbaýjan gatnaşyklary, Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri, Azerbaýjanyň halas edilen ýerlerindäki dikeldiş işleri, sebitleýin we global meseleler gün tertibine geldi.

“Hürriýet” gazeti “Güler: Terror koridorynyň açylmagyna ýol bermeris” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň düýn beren beýannamasyda; “Türk ýaragly güçleri günorta serhetleriniň düýbünde ekstremist terror guramasynyň terror koridoryny açmagyna hiç haçan ýol bermez” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Fidan azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşandygyny mälim edýär. Duşuşykda özara we sebitara meslelere garaldy.

“Star” gazeti “Gündogar Gara deňizden türk gyzylbalygynyň eksporty ýylyň 5 aýynda 45 göterim artdy” söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňiz sebitinden ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda edilen türk gyzylbalygynyň eksportunyň ýyllyk mukdarda 45 göterim artyp, 67,1 million dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Watan” gazeti “Işsizlik boýunça görkezijiler çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hasabat guramasynyň zähmet güýjüniň aprel aýyna degişli görkezijilerini çap edendigini mälim edýär. görkezijilere görä Türkiýede işsizleriň sany aprel aýynda mart aýyna görä 18 müň adam azalyp, 3 milliona barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny