Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Iki ýurtdan umumy Gaza ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Özbegistanyň prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda: "Gazada ezilenlere garşy edilýän zulumyň bes edilmegi üçin çagyryş berýäris. Özbegistanyň iki döwletli çözgüdi goldamagy sebäpli minnetdarlyk bildirýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Özbegistanyň prezidenti Şewket Mirziýoýew bolsa: "Gazada durnukly we hemişelik parahatçylyga ýetmek üçin elbetde garaşsyz we azat Palestina döwletiniň gurulmagy hökmany" diýip belledi.

Sabah gazedi: "Terrora garşy göreşde üstünlik dessany" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde geçirilen operasiýalarda soňky 1 hepdede 59 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "ABŞ: Türkiye bilen F-16 boýunça ylalalşyk tamamlandy" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň: "Türkiye F-16 harby uçarlaryny satyn almak üçin teklip we kabul ediş hatyna gol çekdi" diýendigini mälim edýär.

Tapgyryň tamamlanmagy bilen birlikde Türkiye ABŞ-dan 40 sany F-16 Blok 70 harby uçar bilen 79 sany F-16 modernizasiýa toparyny satyn alar.

Haber Türk gazedi: "Stambul howa menzili ýolagçylaryň artyşynda sanawyň ýokarysynda" söz başyly habarynda, Ýewropanyň Halkara howa menzilleri geňeşiniň (ACI EUROPE) maglumatyna görä, "Majors howa menzilleri" kategoriýasynda Stambul howa menziliniň, 2024-nji ýylyň aprel aýynda pandemiýadan ozalky 2019-njy ýylyň aprel aýyna garanyňda 22,4 göterimlik artyş bilen, ýolagçy sanyny iň köp artdyran ilkinji 5 howa menziliniň sanawynda 1-nji oruna mynasyp bolandygyny beýan edýär.

Hürriýet gazedi: "Antalýa syýahatçylykda 4 million rekordy" söz başyly habarynda, Syýahatçylykda şu ýyl ähli wagtlaryň rekordyny täzelemäge dowam edýän Antalýada 1-nji iýuna çenli 4 million çäginiň geçilendigini habar berýär. Antalýa we Gazipaşa howa menzillerine gonan daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 4 million 25 müň 592 adam boldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny