Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Türk metbugaty ezilen palestinalylaryň sesi boldy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň düýn "8-nji Anadoly Media baýrak gowşurylyş dabarasynda" eden çykyşynda: "Gazadaky gyrgynçylyklaryň ilkinji günden başlap metbugat organlarymyzyň, ezilen palestinalylaryň sesi boldy.

Anadoly habarlar agentligimiz we TRT guramamyz ol ýerdäki edermen işgärleri bilen Gazada edilýän jenaýatlary jikme-jik ýagdaýda dünýä gürrüň berdi" diýendigini habar berýär.

Star gazedi: "Türkiyeden Hytaýa uýgur türkleri bilen bagly ýüzlenme" söz başyly habarynda, Hytaýda saparda bolan Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň Hytaýyň döwlet telewideniýe kanaly CCTV-de Hytaýa guran sapary barada gürrüň berendigini beýan edýär.

Hakan Fidan: "Esasan hem uýgur meselesini gymmatlyk meselesi hökmünde görüp, bu ýerde hiç hili mesele görmän, bu ýerdäki esasan hem uýgurlaryň medeni hukuklary we ýaşaýyşlary babatynda dünýäde we Yslam dünýäsinde dörän düşünjäniň üýtgedilmegi Hytaýyň hem peýdasyna, biziň hem peýdamyza, ähli taraplaryň peýdasyna. Şol sebäpli biziň hemişe aýdyp geçýän zadymyz şu: Biz Hytaýyň bir Hytaý syýasatyny goldaýarys, territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny goldaýarys" diýip aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: "Wan welaýatynda terrora garşy operasiýa" söz başyly habarynda, Wan welaýatynyň Başkale etrabynyň obalyk ýerlerinde Žandarma güýçleri tarapyndan ekstremist terror guramasyna garşy düýn geçirilen "Bozdogan-41" operasiýasynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: "Ministr Bolat: Türkiye-Tunis arasyndaky söwda mukdary 1,6 milliard dollardan geçdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Boladyň, düýn Türkiye-Tunis Maýa goýum we Işewürler forumynda çykyş edendigini mälim edýär. Ministr Bolat: "Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda mukdary 2023-nji ýylda 1,6 milliard dollardan geçdi" diýip belledi.

Haber Türk gazedi: "Türksat 6A Florida ugradyldy" söz başyly habarynda, Transport we infrasturuktura ministri Abdülkadir Uraloglunyň, düýn Türkiyäniň ilkinji ýerli we milli aragatnaşyk emeli hemrasy Türksat 6A-nyň älem giňişligine uçuryljak ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Keýp Kanaweral harby-howa bazasyna ugradylmak maksady bilen Ankarada geçirilen dabara gatnaşandygyny aýan edýär.

Türksat 6A-ny iýul aýynyň 2-nji hepdesinde älem giňişligindäki orbitasyna ugratjakdyklaryny aýdan ministr Uralogly, Türksat 6A-nyň dünýä ilatynyň 65 göterimine gabat gelýän 5 milliard adama ýetjek derejede hyzmat berjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Hakan Fidan Ýaraglanmanyň Artandygyna Ünsi Çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny