Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Erdoganyň bütin dünýä Gaza bilen bagly çagyryşy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 7-nji oktýabrdan bäri Gazada 15 müňden gowrak çaganyň we bäbegiň Ysraýyl tarapyndan wagşyçylyk bilen öldürilmegine ünsleri çekendigini habar berýär.

Erdogan bütin dünýä çagyryş berip: "Gazaly bigünä çagalaryň eýýäm ençeme aýlap bombalar bilen öldürilmegine garşy indi anyk ädimler edilmegi barada çagyryş berýärin" diýip nygtady.

Haber Türk gazedi: "Ykdysady programma garaşylandan has gowy işleýär" söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň Türkiye Respublikasynyň Merkezi bankyna soňky 2 aýda 65 milliard dollardan gowrak pul serişdesiniň girendigini aýdandygyny beýan edýär. Ministr Mehmet Şimşek: "Taryhda ozal görülip eşidilmedik derejede pul serişdesi girýär. Ykdysady programma garaşylandan has gowy işleýär" diýip belledi.

Star gazedi: "Türkiye 6 oba hojalyk önüminiň önümçiliginde, 5 önümiň eksportynda dünýä lideri" söz başyly habarynda, Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumaklynyň Türkiyäniň funduk, çereşnýa, injir, erik, aýwa we kerob önümçiliginde dünýäde 1-nji orundadygyny, funduk, kişde, kakadylan injir, kişmiş we aýwa önümlerinde bolsa dünýä eksportynda 1-nji orundadygyny aýdandygyny mälim edýär.

Hürriýet gazedi: "Türksat 6A-nyň älem giňişligi bilen bagly başdan geçirmeleri başlaýar" söz başyly habarynda, Türksat 6A-nyň älem giňişligine uçurylmak maksady bilen ABŞ-na ugradylandygyny aýan edýär. Emeli hemra iýul aýynyň ilkinji hepdesinde älem giňişligine uçurylar. Türkiye Türksat 6A bilen birlikde aragatnaşyk emeli hemrasyny öndürip bilýän 10 ýurduň biri boldy.

Watan gazedi: "Deňiz önümleriniň önümçiliginde rekord" söz başyly habarynda, Türkiyäniň deňiz önümleriniň önümçiliginde 2023-nji ýylda 2 million tonna golaýlandygyny habar berýär. Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly pudaga berilen goldawlar bilen Türkiyäniň taryhynyň rekordynyň täzelenendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek inflýasiýadaky peselişiň dowam etjekdigini aýtdy