“Haber Türk” gazeti, “Fidan: Gaza dünýäniň iň uly açyk howa gonamçylygyna öwrüldi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, 7-nji oktýabrdan bäri palestinalylaryň uly ýitgi çekýändigini nygtap, “Gaza dünýäniň iň uly açyk howa tussaghanasy hökmünde bilinýärdi, indi bolsa dünýänin iň uly açyk howa gonamçylygyna öwrüldi. Gazada howpsuz ýer galmady” diýen sözlerine ýer berýär.
“Watan” gazeti, “Bolat, maý aýynda eksport arty” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň, maý aýynda eksportyň geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 11,4 göterim artyp 24,1 milliard dollara barabar bolandygyna ünsi çekendigini ýazýar.
“Ýenişafak” gazeti, “Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgüniň “Goranyş senagatynyň we awiasiýa pudagynyň ekesporty maý aýynda 876 million dollara barabar boldy. Şeýlelikde pudagyň taryhynda bir aýda edilen eksport taýdan uly rekord goýuldy” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Türkiýeden Ýewropa HISAR we SIPER goldawy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýewropanyň Gökýüzi galkynyş başlangyjyna degişli bolmagyndan soň milli gora goranyş ulgamlarymyz HISAR we SIPER bilen ýakyndan gyzyklanylmaga başlandy. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen analizde HISAR bilen SIPER-iň Ýewropanyň goranyş we raketa goranyş ulgamlaryny kämilleşdirmekde peýdalanylyp bilinjekdigi bellenildi” diýýär.
“Sabah” gazeti, “Dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň hatarynda Türkiýeden 3 stadion bar” söz başyly habarynda, merkezi Britaniýada ýerleşýän FourFour Two žurnalynyň dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyny çap edendigini we şol sanawda Türkiýeden Atatürk olimpiada stadionyň, RAMS Park (Galatasaraý) we Ülker stadionyň ýagny (Fenerbahçe) stadionyň ýer alýandygyny ýazýar.