Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Raýatlarymyzyň janyna kast edenleriň depesine müneris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn paýtagt Ankaranyň Kyzyljahamam etrabynda eden çykyşynda FETÖ bilen göreşde egilşik edilmejekdigini nygtap; “FETÖ bilen göreşde hiç hili egilşik edilmez. Raýatlarymyzyň janyna, asudalygyna kast edenleriň depesine münmäge dowam ederis” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Türk žurnaliste guralan hüjüm ýazgaryldy” söz başyly habarynda, “JNN Türk” teleýaýlymynyň wekili Ýunus Paksoýuň Amerikanyň Pensiliwaniýa ştatynda FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň bolýan terror guramasynyň merkeziniň öňünde teleýaýlym edýärkä hüjüme sezewar bolandygyny mälim edýär.

Daşary işler ministrligi hüjümi ýazgardy we hüjümi guran hem-de onuň buýrugyny beren adamlaryň hukugyň öňünde hasabat bermekleri üçin ABŞ-nyň degişli guramalaryna ýüz tutulandygyny habar berdi.

“Sabah” gazeti “Demirgazyk Yrakda we Siriýada 16 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň düýn Yragyň demirgazygyndaky Hakurk we Metina etraplary bilen Siriýanyň demirgazygyndaky “Ýefrat galkany” zolagynda 16 PKK terrorçysynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “4-nji iýunda ABŞ-na ugradylar” söz başyly habarynda, türk inženerleri tarapyndan iň ýokary ýerlilik derejesinde öndürilen Türksat 6A-nyň älem giňişligine uçurylmak üçin 4-nji iýunda Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän “Keýp Kanaweral” harby howa bekedine ugradyljakdygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Yrak serhedindäki Derejikde iki nebit gözleg giňişligi açyldy” söz başyly habarynda, Hakkari welaýatynyň Yrak serhedinde ýerleşýän Derejejik etrabynda “Derejik-1” we “Anadag-1” atly 2 nebit gözleg giňişliginiň açylandygyny mälim edýär. Nebit giňişliginde gysga möhletde burawlaýyş işleri başlar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan FETÖ garşy göreş barada beýanat berdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi
Täze Ýyldan Bäri Yragyň we Siriýanyň Demirgazygynda 1835 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
1 Hepde-de 87 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky 1 Hepde-de 33 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi