Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan:Eý ABŞ, bu gan seniň eliňe degdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Gazadaky asuda ilaty gyrmagyny näletläp, ABŞ-na berk reaksiýa bildirendigini ýazýar.

Erdogan: “Dünýä, bir keselliniň, bir maniýagyň, bir psikopadyň, ganhor wampiriň wagşylygyna göni ýaýlymda syn edýär.Eý ABŞ, bu gan seniň eliňe hem degdi.Senem bu gyrgynçylykdan azyndan Ysraýylça jogapkärsiň” diýdi.

“Star” gazeti “Fidanyň Ýewropa ýurtlaryna “Palestina çagyryşy” söz başyly habarynda, Ispaniýada “Gaza aragatnaşyk toparynyň” agzalary bilen geçiren duşulşygyndan soň çykyş eden Daşary işler ministri Hakan Fidanyň “İspaniýa we beýeki Ýewropa ýurtlary Palestinany doly döwlet hökmünde ykrar edip, halkara parahatçylyga hem-de howpsuzlyga uly goşant goşdular.

Bu sebäpli ÝB-ne agza beýleki ýurtlary Ispaniýanyň nusgawy syýasatyny alyp barmak üçin Palestinany döwlet hökmünde ykrar etmäge çagyrýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Mejlisiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Gaza boýunça çagyryşy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda, Mejlisiň Ysraýylyň Rafah şäherine guraýan hüjümlerini ýazgaran jarnamasynyň kabul edilendigini ýazýar. Jarnamada “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini gyssagly maslahat geçirmäge we Ysraýylyň hüjümlerini bes etmegi hakynda karar kabul etmäge çagyrýarys” diýilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Baýraktar: Türkiýe 11-nji orna göterildi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkiýäniň gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda esasy desga eýe bolan ýurtlaryň sanawynda 11-nji orna göterilendigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Sanawyň başynda ýene Türkiýe bar” söz başyly habarynda, “Taste Atlas” tarapyndan geçirilen dünýäniň iň gowy dolamalarynyň sanawynda ikinji orunda Türkiýeden “tantuniniň” orun eýeleýändigini ýazýar. “Tantuni” hem tagamy hem-de ýeňilje iýmäge ukyply bolmagy saýasynda dünýäniň iň gowularynyň hatarynda orun eýelemegiň hötdesinden geldi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny