Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Ysraýyl 76 ýyldan bäri gan dökýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň 76 ýyldan bäri palestinalylaryň ganyny dökýändigini, palestin halkynyň territoriýasyny aç-açan basyp alandygyny, halkara hukugy ykrar etmeýändigini her gezeginde mese-mälim görkezendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Ganhorlar hasabat bermeli” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe Palestinanyň ykrar edilmeginden hoşal” söz başyly habarynda, İrlandiýanyň ykrar etmeginden soň Norwegiýanyň we İspaniýanyň hem Palestina döwletini ykrar etjekdiklerini beýan edendiklerini ýazýar. Norwegiýanyň Premýer-ministri iki döwletli çözgüdiň ýeke-täk çykalgadygyny nygtandygyna ünsleri çekýär. Palestina we Türkiýe karara hoşallyklaryny bildirdi.

“Star” gazeti “Polşada “Baýraktar TB2-niň” gowşurylmagy ABŞ-da giň seslenme döretdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Polşa 24 sany “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulagyny gowşurmagynyň ABŞ-da gün-tertibinde möhüm orun tutandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Amerikan metbugaty “Baýraktar TB2-ler” Polşany NATO-da güýçlenýän dron merkezine öwürendigini ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe “TOGG” bilen awtomobil ägirtlerinden öňe saýlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy “TOGG” bilen ösýän türk awtoulag senagatynyň fransuz habarlar gullugy “AFP-niň” ünsüni çekendigini mälim edýär.

Habarlar gullugy Türkiýäniň elektromobil bazar paýynyň “TOGG-yň” satuwlary bilen öňdebaryjy ýurtlardan Italiýany we Ispaniýany geçendigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi. “TOGG-uň” birinji ýylynda “Tesladan” has köp ulag öndürendigi habar berildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýäniň iň gelim-gidimli şäherleri” söz başyly habarynda, merkezi Londonda ýerleşýän “Ýewromonitor” firmasynyň dünýäniň iň gelim-gidimli şäherleriniň sanawyny çykarandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Şäherleriň dürli özbolyşlyklaryna görä düzülen sanawda Türkiýeden Stambul, Antalýa we Mugla bar.

Ýene degişli makalalar

Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Merkezi Aziýa ýurtlary harby býujetlerini artdyrýarlar. Bu Ukrainanyň, Garabagyň hem Owganystanyň sapaklary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny