“Watan” gazeti “Erdogan: Tagallalaryna gönüden şaýat boldum” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň we Daşary işler ministri Hüseýn Emir Abdullahiýan bilen ýanyndakylaryň dik uçar heläkçiliginde pida bolmagy hgakynda: “Sebitde parahatçylyk üçin eden içgin tagallalaryna gönüden şaýatlyk etdik.
Eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirýärin.Türkiýe elmydama bolşy ýaly dost we doganlyk Eýranyň halkynyň ýanynda durarys” diýendigini ýazýar.Erdogan düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda bolsa Eýranyň halkynyň başdan geçiren agyr gynanjyny bölüşmek üçin Türkiýede bir günlük milli ýas yglan edilmegi hakynda karar kabul edendiklerini aýtdy.
“Sabah” gazeti “Ministr Fidan Eýrana duýgudaşlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn Pakistanyň Premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Muhammed İshak Dar bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda; “Gynansagam Eýrandan gelip gowşan habarlar bizi çuňňur gynandyrdy.
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisä we hormatly kardeşim, gadyrdan dostum Hüseýn Emir Abdullahiýana alladan rehnet dileýärin” diýen sözlerini çap edýär.
“Haber Türk” gazeti “Akynjy howa ulagy anyklady” söz başyly habarynda, Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň Prezident Raisiniň we Daşary işler ministri Abdullahiýanyň münen dik uçarynyň harabalygynyň “Akynjy” uçarmansyz howa ulagy tarapyndan anyklanmagyndan soň tapylandygyny habar berendigini mälim edýär. “Akynjy” kysymly dron dik uçaryň helakçilige uçran ýerini anyklap, Türkiýä dolanyp geldi.
“Star” gazeti “Ministr Bolat: Bilelikde işleşjekdigimizi ýene-de bir gezek nygtadyk” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Maliniň Senagat we söwda ministri Moussa Alassane Diallo bilen geçiren duşuşygy hakynda beýanat berip; “Duşuşygymyzda 500 million dollarlyk söwda mukdaryna ýetme maksadymyza laýyklykda bilelikde işleşjekdigimizi ýene-de bir gezek nygtadyk” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Türk tele-seriallary Dubaýda meşhur” söz başyly habarynda, Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk ofisiniň ýokary derejeli ýolbaşçysy İssam Kazymyň türk tele-seriallarynyň we kino-filmleriniň Dubaýda iňňän meşhurdygyny aýdandygyny ýaýzar. Kazym türk tele-seriallarynyň sebitde eýeleýän ornuny bilýändikleri üçin gatnaşyklary ösdürmek boýunça işe girişendiklerini gürrüň berdi.