“Hürriýet” gazeti “Fidan: Garaşsyz Palestina döwleti gurulýança tagallamyz üznüksiz dowam eder” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn Moritaniýanyň Daşary işler ministri Muhammed Salim Wild Merzuk bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda “1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz, özygtyýarly we geografik özygtyýarlylyga eýe Palestina döwleti gurulýan tagallalarymyz üznüksiz dowam eder” diýendigini ýazýar.
“Star” gazeti “Çon Ýondu türk goranyş senagatyna kanagatlanma bildirdi” söz başyly habarynda, Koreýa Respublikasynyň Ankarada işe girişen täze İlçisi Çon Ýondunyň ýurdy bilen Türkiýäniň arasynda goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekip; “Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary, kapitansyz deňiz ulaglary, döwrebap tehnologiýa eýe harby uçarlary ýaly goranyşy kämilleşdiriş boýunça möhüm üstünlikler gazanmagy sebäpli gelejekde-de iki ýurduň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertleriniň mümkin boljakdygyny pikir edýärin” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “Türk lukmanlary owgan çagalarynyň umydy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dürli şäherlerinden Owganystana giden 12 adamlyk meýletin saglygy goraýyş toparynyň paýtagt Kabuldaky Atatürk adyndaky Çagalar hassahanasynda bejergilere we operasiýalara başlandygyny mälim edýär. Türk lukmanlary owgan çagalaryna umyt bolýar.
“Haber Türk” gazeti “Kuşadasyna kruiz islegi ýokary” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynda kruiz syýahatçylygyna bolan islegiň söwda-satygçylaryň ýüzüni güldürendigini mälim edýär. Geçen 531 gämi gatnawy bilen 785 müň ýolagçyny kabul eden şähere, 2024-nji ýylda 625 gatnaw bilen deňizden 1 milliondan gowrak syýahatçynyň gelmegine garaşýar.
“Watan” gazeti “Aýla Aksu İtaliýada çempion” söz başyly habarynda, milli tennisçi Aýla Aksunyň İtaliýada geçirilen W34 Santa Margerita di Pul turnirinde ýeke-täk çempion bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýarym finalda italian Batris Rijjini utan Aýlanyň finaldaky bäsdeşi çehiýaly Luis Hawlikowanyň turnirden çekilmegi netijesinde karriýareasynyň esasy üstünligine eýe bolandygyny ýazýar.