Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýe kiber infrastrukturada Ýewropada ikinji orunda durýar” söz başyly habarynda, infrastruktura we tehnologiýa taslamalary boýunça üstünlik işleri durmuşa geçiren Türkiýäniň kiber infrastrukturada Fransiýadan soň Ýewropada ikinji orunda durýandygyny ýazýar. Türkiýede öýlere çenli kiber infrastrukturada 18 milliona ýetildi.

“Watan” gazeti “Atatürk howa menzili dünýäniň iň uly tehnologiýa we telekeçilik merkezi bolar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Fatih Kajyryň Stambulyň Atatürk adyndaky howa menziliniň terminal binalaryyň geljegi hakynda tanyşdyryş çäresini geçirendiklerini aýdandygyny mälim edýär. Ministr Kajyr “Bu ýer dünýäniň iň uly tehnologiýa telekeçilik merkezi bolar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe nebit önümçiliginiň depginini ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktaryň Şyrnar welaýatynyň Gabar etrabynda günlük 37 müň barrel nebit öndürýändiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministr Baýraktar “Oraz aýynyň ahyrynda 40 müň barrele ýetireris. Maksadymyz ýylyň ahyryna çenli 100 müň barrel” diýdi.

“Sabah” gazeti “Birža Stambul uzak möhletde bäsdeş tanamaýar” söz başyly habarynda, geçen 5 ýyly doly ösüş bilen tamamlan Birža Stambulyň 2024-nji ýyla hem ýokary depginde aşlandygyna ünsleri çekýär. Täze ýyldan bäri 22 göterim bilen dünýäniň iň ýokary depginde ösen üçünji bazary bolan Birža Stambul, uzak möhletli pikir edýän maýadarlaryň tamasyny ödeýär.

“Haber Türk” gazeti “Galatasaraý Ýewropada birinji” söz başyly habarynda, Trendýol ýokary ligada 81 bal bilen birinji ýerde durýan Galtasaraýyň öýünde ýeňilmeýändigini mälim edýär. Galatasaraý Ýewropadanyň 5 ýokary ligasynda we Super liga ser salaynanda iň uly bal toplan komanda boldy. Futbol komandasy ýerinde oýnan 15 bäsleşikde-de üstünlik gazanyp, birinji orny elden bermeýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Prezident Erdoganyň 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly gutlagy
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi