Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Misginsokar oýuny bozduk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýannamasynda “Ekstremist terror guramasy bu sebitde gurulmaga synanşylýan zulum ulgamynyň dowam etmegi üçin ýurdumyzyň başyna bele edildi. Soňky 21 ýylda amala aşyran demokratiýa we galkynyş ynkylabymyz saýasynda ähli faktorlary bilen bu misginsokar oýuny bozduk” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Keçeli: “ABŞ-na terrorizme garşy göreş boýunça garaşýan netijämizi çürt-kesik beýan etdik” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeliniň ministrlikde geçiren metbugat ýygnagynda Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ABŞ-na guran saparynda terrorizme garşy göreş boýunça resmi Waşingtona anyk ýüzlenmeleriň berilendigini aýdandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Gara deňizde 3 nokat kesgitlendi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň şu ýyl energetika täze açyşlara garaşylýandygyny beýan edip; “Gara deňizde iňňän möhüm bolan 3 geolokasiýada 2024-nji ýylyň dowamynda gözleg işlerini geçireris” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Akkuýu Atom elektrik bekedine halkara tassyknama” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji atom elektrik bekediniň gurluşyk taslamasyny ýerine ýetirýän we Russiýanyň Döwlet Atom energiýa guramasy Rosatomyň şärigi “Akkuýu Atom” paýdarlar jemgyýetiniň integrirenen dolanşyk ulgamynyň İSO-nyň ülňülerine ýokary derejede utgaşyklydygyny tassyklandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Global ýarag eksportynda 11-nji orna çykdyk” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Haluk Görüniň 2018-2022-nji ýyllaryň aralygynda global ýarag eksportunyň 1,1 göterimini amala aşyryp, 12-nji orny eýelän Türkiýäniň 2019-2023-nji ýyllaryn aralygynda şol mukdary 1,6 göterime ýetirip, 11-nji orna göterilendigini mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Akkuýu Atom Elektrik Bekedi 2028-nji Ýylda Ulanmaga Beriler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny