Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Terrorizme garşy göreşimiz milli çarpaýa galyş” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň oraz aýynyň ilkinji agzaçarynda şehitleriň ýakynlary we gahrymanlar bilen duşuşandygyny ýazýar. Erdogan PKK-nyň we FETÖ-niň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy alynyp barylýan göreşiň milli çarpaýa galyşdygyny aýtdy. Prezident Erfdogan; “Türkiýäni sözüň doly manysynda garaşsyz döwlete öwürdik” diýdi.

“Watan” gazeti “Yragyň demirgazygyndaky terror tomus aýlarynda doly ýok ediler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň şu tomus Yrak serhediniň howpsuzlygyny üpjün etjek aýlawy tamamlap, terror howpuny ortadan aýyrjakdyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Ministr Güler: “Serhet ýakasynda 30-40 kilometr çuňlukda howpsuzlyk koridoryny açma kararymyzdan egilşik etmeris” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýede iş üpjünçiligi mukdary iň ýokary çäkde” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň işsizlik boýunça görkezijileriň orta möhletde maksatnamada göz öňünde tutulandan has gowudygyny beýan edip; “İş üpjünçiligimiz hem 49 göterim bilen iň ýokary çäge ýetdi” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Altun: “Gazadaky hakykatlary ýüze çykarmaga dowam ederis” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunuň Ysraýylyň dezinformasiýalaryna garşy hakykatlary ýüze çykarmagy özlerine şygar edinendiklerini aýdandygyny ýazýar. Altun günbataryň media organlarynyň tersine “Anadoly” habarlar gullugynyň we Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň Gazadaky hakykatlary dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmek üçin uly tagalla edýandigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň ykdysady syýasaty güýçli” sözbaşyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitçiň” Türkiýäniň balyny we ykdysady panoramasyny ýokarlandyrmagy hakynda garaýyş beýan edip; “Türkiýäniň balynyň we ykdysady görnüşiniň ýokarlandyrylmagy güýçli ykdysady syýasatyň güýjüni beýan edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny