Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýazýar.Prezidentiň ýanyndaky Kommunikiýalar edarasyndan berilen beýannamada “Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Prezidenti Putin Prezident Erdoganyň doglan gününi gutlady.

Putin söhbetdeşlikde Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň dostlukly şertlerde ösmegine goşan goşantlary mynasybetli hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy” diýilýär.

“Hürriýet” gazeti “Halkara adalat diwanyna Gaza boýunça çagyryş” söz başyly habarynda, Halkara adalat diwanynda Ysraýylyň Palestinany basyp almagynyň hukuky neticeleri boýunça düýnki diňlenşikde Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň çykyş edendigine ünsleri çekýär. Ahmet Ýyldyz “Ysraýyl adam hukuklaryny, halkara hukuk kadalaryny bozýan aksiýalardan cogapkär saýylmaly” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Kremlden Putiniň Türkiýä sapary hakynda beýanat” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezdentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň düýn beren beýannamasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 15-17-nci martyň aralygynda geçirilcek prezident saýlawyndan soň Türkiýä sapar etcekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Gresiýada Türkiýe howsalasy: Ara tapawut ulalýar” söz başyly habarynda, grek metbugatynyň türk goranyş senagatyndaky ösüşler bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam edýändigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýar. Türk deňizasty gämileriniň döwrebaplaşdyrylmagy hakynda ýazýan grek metbugaty, iki ýurduň deňiz flotlarynyň arasyndaky tapawudyň ulalýandygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “ “KAAN” görünmesiz bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinci harby uçary “KAAN-yň” beýni özbolyşlygyndaky kompýuter ulgamy bilen bilelikde esasy tehnologik encamlaryny öndürýän Türkiýäniň ylmy we tehniki barlaglar guramasynyň uçara radarda görünmesizlik özbolyşlygyny döretcek degişli tilsimatlaryň öndürilmegi üçin işe girişendigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny