“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň “KAAN” sözleri: Hötdesinden geldik we gelmäge dowam ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Afýonkarahisar welaýatynda beren beýannamasynda Türkiýäniň döwrebap harby uçary öndürmekde iňňän möhüm sepgide ýetendigini aýdandygyny ýazýar.
Erdogan milli harby uçar “KAAN” hakynda “Milli harby uçarymyz “KAAN” şu gün ilkinji uçuşyny üstünlik bilen amala aşyrdy.Hötdesinden geldik we gelmäge dowam ederis” diýdi.
“Sabah” gazeti “ “KAAN” gök asmanda” söz başyly habarynda, Türk awiasiýa senagaty “TUSAŞ” firmasy tarapyndan öndürilen milli harby uçar “KAAN-yň” Ankaranyň howa giňişliginde ilkinji uçuşyny amala aşyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Mürted howa menzilinde uçan milli harby uçar, üstünlik bilen bazasyna gondy. Milli uçaryň gök asmanda uçan güni taryha ýazyldy.
“Watan” gazeti “ “KAAN” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy, dünýäde söz başy boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli harby uçary “KAAN-yň” ilkinji uçuşynyň dünýä metbugatynda giň seslenme döredendigini ýazýar. “Blumberg” taryhy uçuş üçin “öwrülşik nokady” diýlen garaýyşy beýan eden bolsa, grek metbugaty “KAAN-yň” ýokary aýratynlyklary hakynda ýazdy.
“Star” gazeti “Somali Türkiýe bilen bagly karary tassyklady” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen goranyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekişilen ylalaşygyň Somaliniň ministrler kabinetinde tassyklanandygyny mälim edýär. Somaliniň Maglumatlar ministri Daud Aweis; “Şu öwrülşik nokady aýratynlygyndaky 10 ýyllyk şertnama Somaliniň hökümetiniň özygtyýarlylygyny goramak ugrundaky tagallasyna uly goşant goşar” diýdi.
“Haber Türk” gazeti “Saud Arabystanynyň Galkynyş gaznasyndan 55 million dollar karz” söz başyly habarynda, Saud Arabystanynyň Galkynyş gaznasy Türkiýe Respublikasy bilen 55 million dollar möçberinde karz şertnamasyny baglaşandygyny mälim edendigini ýazýar. Şol karzyň “Döwlet mekdeplerinde ýer titremä bagly howplaryň azaldylmagy hakyndaky taslama” üçin peýdalanylmagy maksat edinilýär.