Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan we Rama gyzgyn ýüzlenmeler berdiler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ankara resmi sapar bilen gelen Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Arama bilen geçiren metbugat ýygnagynda özara gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini beýan edendiginiýazýar.

Erdogan: “Albaniýa BMG-de Palestina boýunça geçirilen sese goýulşykda taryhyň dogry tarapynda durdy” diýdi.Rama bolsa Türkiýäniň ençeme meselede Albaniýa goldaw berendigini we minnetdarlyk bildirýändiklerini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Rama: Türkiýe ýüzöwrülmesiz ýurt” söz başyly habarynda, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň Gazada hüjümleriň bes edilmeginiň wagty ýetdi. Zamun alynanlar boşadylmaly. Türkiýe ýüzöwrülmesiz güýç. Geljegiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm ýurt” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň garaşylmadyk üstünligi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň, türk inženerleri tarapyndan düzülen maksatnama bilen dünýä awiasiýasyna goşant goşjakdygyny mälim edýär. Dünýä awiasiýasynda umumy diliň kamilleşdirilmegi ugrundaky tagallalara goşant goşjak maksatnama, pudakda ulanylýan dünýäniň esasy 2 maskatnamasyna uly düzedişleri öz içine alýar.

“Sabah” gazeti “Ýerli uçarmansyz howa ulaglarynyň hereketlendirijileri tapawutlanýar” söz başyly habarynda, “TUSAŞ Motor Sanaýii A.Ş” firmasynyň Baş müdiri Mahmut Faruk Akşidiň bäsdeşlerine görä ýokary tehnologiýa bilen hereketlendiriji öndürendiklerini beýan edip; “Dünýäde bäsdeşlerimiz bar, emma biziň hereketlendirijimiz hakykatdan hem güýçli we ählisinde gowy. Şol sebäpden daşary ýurtlar täzedigine garamazdan uly isleg bildirýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ-da ilkinji gezek türk raýatlaryndan birine Amerikan Kongresinde baýrak gowşuryldy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Kongressiniň ilkinji gezek ABŞ-da ýaşaýan türk raýatlaryndan birine ýaşaýan ştatynda jemgyýete goşan goşantlary mynasybetli şahadatnama berendigini ýazýar. Hüseýin Baýram ABŞ-da türk aşhana medeniýetiniň tanyşdyrylmagy üçin uzak ýyllardan bäri iş alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Albaniýada Saparda Bolýar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Albaniýa Bileleşige goşulmakçy
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministri Rama bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy