Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Bur genoside gol goýanlar taryhyň öňünde günäli yglan edilendir” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Rafah şäherine guralan hüjümler hakynda; “Asuda ilata “şu ýer howpsuz, şol ýere gidiň” diýip, ol ýeri bombalamagyň gumanitar gymmatlyklar bilen, harby hukuk bilen, halkara hukuk we adam hukuklary bilen baglanşýan tarapy barmy?

Adamzat bu perýady eşitmäge mejbur.Taryh, şol adamlaryň göz görtele gyrylmagyny görmediksiränleri seljerer.Bu genoside gol goýanlar bolsa onsuz hem taryhyň öňünde günäli yglan edildi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazet “Fidan: ÝB Türkiýä bolan çemeleşmesinde şahsyýet syýasatyny bes etmeli” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ÝB-niň strategik çemeleşip, indi Türkiýä şahsyýet syýasatyny bes etmelidigini nygtap; “Türkiýe-ÝB gatnaşyklary käbir ýurtlaryň syýasy hasaplaryna gurban edilmeli däl” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Stoltenbergiň Türkiýe hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýäniň NATO-nuň günorta bölegi üçin esasy ýarandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Älem giňişligi boýunça täze başlangyçlar täze topar bilen taýýarlanýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň adamly älem giňişligi missiýasyny üstünlik bilen amala aşyrandygyny, ikinji adamly älem giňişligi missiýasynyň aprel aýynda, Aýa bolsa 2026-njy ýylda uçuljakdygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň kuwwatly howa güýçleri 2024 sanawynda Türkiýe ünsleri çekýär” söz başyly habarynda, dünýäniň iň güýçli harby goşunlaryndan soň Türkiýe merkezi ABŞ-da ýerleşýän interbet saýty “Global Firepower” tarapyndan neşir edilen sanawda üns merkezinde durýandygyny ýazýar. Türkiýe iki basgançak ýokarlap, 80 ýurda orun berilen sanawda 7-nji orunda durýar.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Hakan Fidan, Stoltenberg Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady