“Sabah” gazeti “Gezerawjynyň dünýä dolanyp geliş ýolagçylygy başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň dünýä dolanyp gelip ýolagçylygynyň başlandygyny ýazýar. Astronawtlar düýn Türkiýe wagty boýunça sagat 17.20-da Halkara älem bekedinden gaýtdy. Ýolagçylygyň 48 sagada barabar dowam etmegine garaşylýar.
“Star” gazeti “Hamasyň hüjümleriň bes edilmegi boýunça teklibe Türkiýe şerti” söz başyly habarynda, Hamasyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin hödürlän teklibinde Türkiýäniň, Müsüriň, Kataryň, Russiýanyň we BMG-niň ähli ylalaşyklarda kepillendiriji bolmagyny talap edýändigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Stoltenbergiň Ukraina goldaw boýunça Türkiýe mysaly” söz başyly habarynda, NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň NATO-nuň ýaranlarynyň Ukraina ýarag we ok-däri kömegi boýunça beýanatynda Türkiýäni mysal getirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Bolat: Eksportumyzy 256 milliard dollara ýetirip, rekord goýduk” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň “Eksportumyz 2023-nji ýylda dünýä eksportundaky we importundaky aşaklama garamazdan Türkiýe 0,64 göterim ösüş edip, 256 milliard dollar dollara ýetdi. Ol hem respublika taryhynyň rekordy boldy” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Üznüksiz gelýärler” söz başyly habarynda, iňlis ýaýlym organy “BBC-niň” dünýäniň iň bir isleg bildirilýän 10 şäheriniň hatarynda durýan Stambulyň we Antalýanyň Kowid-19 pandemiýasyndan soň daşary ýurtly syýahatçylaryň üns merkezinde durýandygyna ünsleri çekendigini ýazýar.