“Haber Türk” gazeti, “Fidan: Montr şertnamasy, sebitiň howpsuzlygynyň kepilnamasy bolmaga dowam edýär” söz başyly habarynda, düýn Ruminiýada saparda bolan Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Türkiýäniň Montr Bogazlar şertanasyna laýyklykda hereket edýändigini nygtap, “Montr şertnamasy, sebitiň howpsuzlygynyň kepilnamasy bolmaga dowam edýär” diýen sözlerine ünsi çekýär.
“Star” gazeti, “Altun, De Presse ýazdy “Türkiýe halkara ulgamda esasy aktýor” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, Awstriýada çap edilýän De Press gazeti üçin ýazan makalasynda, Türkiýäniň şu günki günde diňe öz serhetlerinde däl, eýsem sebitara we halkara derejesinde uly rol oýnaýan ýurtdygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
“Hürriýet” gazeti, “Ministr Uralgolu; Ukrainanyň jebisligi we bitewiligi biziň üçin diýseň möhüm” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň düýn Stambul şäherinde geçirlen Ukrainanyň ýaňadandan dikeldilmegi forumynda eden çykyşynda, “Ukraianyň bitewiligi we howpsuzlygy biziň üçin diýseň möhüm. Bu meselede Prezidentimiz hem tutanýerli tutum alyp barýar” diýendigini nygtaýar.
“Sabah” gazeti, “Minisrt Ersoý syýahatçylyk pudagynyň görkezijilerine ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň, düýn beren beýannamasyna, “2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçy we jemi 54,3 milliard dollarlyk girdeji bilen uly rekord goýuldy. 2024-nji ýylda hem şol ösüş depginini dowam etdireris” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti, “Stambul howa menzili Ýewropanyň lideri” söz başyly habarynda Stambul howa menziliniň, Ýewropa howa gatnawy gullugynyň habarnamasyna görä, ýanwar aýynyň 15-21-i aralygynda günde ortaça 1301 uçar spary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny habar berýär.