“Sabah” gazeti, “Erdoganyň aýdan sözleri dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda, terrora garşy göreş barada aýdan sözleriniň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeländigini ýazýar. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mesele baradaky habarlaryny “Türkiýe terrora garşy göreşde egilşik etmez” söz başysy bilen halka ýetirdi.
“Star” gazeti, “Türkiýäniň emeli hemra ýolagçylygy bir gün yza süýşürildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy bilen emele hemra gitjek Ax-3 missiýasynyň bir gün yza süýşürlendigini habar berýär. SpaceX-dan berlen beýannamada emeli hemra ýolagçylygy bir gün yza süýşürlen Ax-3 missiýasynyň soňky barlaglarynyň tamamlanjakdygy nygtaldy.
“Ýeni Şafak” gazeti, “Putin birnäçe aý soň Türkiýäniň tagallasyna ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweşiň dowam edýän günlerinde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň parahatçylygyň ýola goýulmazlygydan Kiýewiň jogapkärdigine ünsi çekendigini belleýär. Stambulda geçirlen gepleşiklere ünsi çeken Putin, Ukrainanyň gepleşik stolundan çekilendigini nygtap, “Stambulda ähli ugurlar boýunça ylalaşyk gazanypdyk. Türkiýe bizi ýaraşdyrypdy” diýdi.
“Hürriýet” gazeti, “Gümrük geçelgesinde wiza ulgamy bir ýyl dowam eder” söz başyly habarynda, Türkiýede saparda bolan Gresiýanyň Syýahatçylyk ministri Olga Kefaloýanniniň , türk raýatlaryna 10 grek adasy üçin mart aýynda güýje girjek wiza ýeňilligi ulgamynyň bir ýyl dowam etjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Watan” gazeti, “Safranbolu zagpyrany geografiki taýdan hasaba alyndy” söz başyly habarynda Safranbolu zagpyranynyň ÝB tarapyndan geografiki taýdan hasaba alynandygyny habar berýär.