Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Adamzat üçin utandyryjy ýagdaý” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Prezidentiň Medeniýet we syngat boýunça uly baýraklarynyň gowşurlyş dabarasynda eden çykyşynda Ysraýylyň Gazada edýan gyrgynçylygyna reaksiýa bildirip; “Her birimiz ol ýerde nämeleriň başdan geçirilýändigini bilýär. Dünýäniň atly-abraýly döwlet dolanşyklarynyň Ysraýylyň gyrgynçylyga we ogurlyga esaslanýan hüjümlerine dymmagy, adamzat üçin utandyryjy ýagdaý” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ysraýylly ýesiriň ýakyny Prezident Erdogana türkçe ýüzlenme ugratdy: Bize kömek etsin” söz başyly habarynda, 7-nji oktýabrda Hamas tarapyndan agtygy zamun alynan ysraýylly Stella Sambranonyň Türkiýeden kömek sorandygyny mälim edýär.

Stambulda dünýä inendigini we ýylda birnäçe gezek Stambula gelýändigini beýan eden Sambrano; “Biz Stambuly, Erdogany şeýle gowy görýäris.Ondan haýyştym, bir ene üçin çagalary yzyna getirsinler.Ondan uly haýyşt edýäris, bize kömek etsin” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä mediasy Prezident Erdoganyň ABŞ-na görkezen garşylygyny ýazýar” söz başyly habarynda, Şwesiýanyň NATO agzalyk şerti hakynda Prezident Erdoganyň esasanda Wengriýadan gaýdyşyn ABŞ-na beren ýüzlenmesiniň dünýa metbugatynda giň seslenme döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazetler agzalygyň yza süýşürilmäge dowam edýändigini we Prezident Erdoganyň F-16 şertini öňe sürendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýäniň mega taslamasy baýraga doýmaýar” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän “ENR” žurnaly tarapyndan “Ýylyň taslamasy” diýlip saýlanan mega taslamalardan biri bolan “1915 Çanakgala köprüsine” uly baýragyň onlaýn formatda geçirilen dabara bilen resmilere gowşurylandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň süýji datlylarynyň sanawynda ikinji orunda türk datlysy bar” söz başyly habarynda, dünýäniň iň süýji süýtli datlylarynyň sanawynda 2-nji orunda Türkiýeden iň köp halanýan “demojak sütlaş” datlysynyň durýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Respublikasy Baky Ýaşar
Dünýäniň iň pajygaly söweşlerinden biriniň uly dostluk emele getirendigini bilýäňizmi?
Hulusi Akar, Täze Zelandiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny