Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Politiko; Prezident Erdogany “2024-nji ýylda Ýewropanyň iň güýçli adamlarynyň” sanawyna goşdy” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän ýaýlym organy “Politiko” Ýewropadan 28 adamy 3 kategoriýada “2024-nji ýylda Ýewropanyň iň güýçli adamlarynyň” sanawyna goşandygyny ýazýar. “Politiko” Prezident Erdogany “töwellaçy” hökmünde häsýetlendirip, sanawa goşdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Tunjuň terrorizme garşy göreş boýunça ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Adalat ministri Ýylmaz Tunjuň; “Türkiýe mundan beýläk hem adalatly hyzmatdaşlyk boýunça halkara hukukdan gelip çykýan borçlaryny berjaý eder. Hyzmatdaşlarymyzdan hem terrorizme garşy göreşde şeýle içginlige we ygrarly çemeleşmä garaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Bolat: Türkiýe iň ýokary depginde ösýän ykdysadyýetlerden biri boldy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde 5,9 göterime barabar içerki girdeji artyşy bilen Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ýokary mukdarly ösüş perdormansyny 13 çärýekden bäri üznüksiz dowam etdirýändigini nygtap; “Türkiýe üçünji çärýekde görkezijileri çap edilen G20 we OESD-ä girýän ýurtlaryň hatarynda iň ýokary depginli ösen ýurt boldy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyne ýetirýär.

“Star” gazeti “Togg-da maýyplar üçin niýetlenen apart” söz başyly habarynda, maýyplaryň Türkiýäniň ýerli awtoulagy “Togg” üçin öndürilen we sanly öýjükli ulgama integrirlenen her bir adam üçin aýratyn niýetlenen apartlar bilen ýollarda “bökdençsiz” sürüş tejribesine eýe bolýandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň başjaň 50 ýaş ukyby yglan edildi. Sanawda Arda Gülerem bar” söz başyly habarynda, “Next Generation” saýtynyň 2023-nji ýylda dünýänň iň başarjaň 50 ýaş ukybynyň yglan edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Geçen ýyllara garalanda orun görkezilmedik sanawda Real Madride geçen türk milli futbolşysy Arda Güler hem bar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär
09.10.2018 | Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär
Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk