Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň Alžirden beren beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Alžirde beren beýannamasynda; “Köpçülikleýin jezalandyrma öwrülen we harby jenaýat bolup durýan Ysraýylyň hüjümlerini kabul etmeýäris. Esasy maksadymyz Gazada hüjümleriň durnukly bes edilmegi we ynsanperwer kömekleriniň üznüksiz ýetirilmegi” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýeden Gaza üçin 3-nji ewakuasiýa meýilnamasy” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň 50 adamdan ybarat bolan keselli sanawyny düzendiklerini we birnäçe günüň dowamynda Gazadan üçünji ewakuasiýanyň ýola goýuljakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Seljuk mugallym “Dünýäniň iň başarjaň 10 ýaşlaryndan biri” söz başyly habarynda, mugallym Dr.Seljuk Ýusuf Arslanyň Halkara ýaş liderler we telekeçiler jemgyýeti tarapyndan “Dünýäniň iň başarjaň 10 ýaşlaryndan” biri hökmünde saýlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Daşky gurşawy goramak we ahlaky öňbaşçylyk” boýunça dünýäde birinji orny eýelän Arslan, şol baýragy alan ilkinji türk boldy.

“Watan” gazeti “Dinler taryhyny özgertjek açyş” söz başyly habarynda, Amasýadaky Oluz hoýýugynyň gazuw-agtaryş işlerinde Med şalygy döwründen galandygy anyklanan 2,600 ýyllyk ybadat ýeriniň tapylandygyny ýazýar. Gazuw-agtaryş toparynyň başlygy Professor Şewket Dönmez “Hem Med hem-de Pars döwründe ot medeniýetine degişli ybadathanalaryň tapylmagy, Alynky Aziýanyň dinler taryhyny we din arheologiýasyny düýbünden özgertjege meňzeýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Kazyýet serialy “Emmi baýragyna” laýyk görüldi” söz başyly habarynda, şu ýyl 51-njisi guralan “Halkara Emmi Baýraklarynyň” Nýu-Ýorkda eýelerine gowrşurylandygyny ýazýar. Türkiýeden “Kazyýet” atly serial Halkara Emmi baýragyna laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýusuf Akçura
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary