Sabah” gazeti, “Ministr Hakan Fidan Günbatarly ýurtlara berk garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň beren beýannamasynda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine uly garşylyk görkezendigini ýazýar.
“Gazadaky gyrgynçylygyň dowam etmegi diýseň utandyryjy” diýen ministr Fidan, “Başdan geçirilýän gyrgynçylyga Günbatarly ýurtlar dymmak bilen syn etmäge dowam edýär. Günbatarly ýurtlara bu tutumyndan ýüz öwürmekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.
“Haber Türk” gazeti, “Çelik, Ysraýylly ýolbaşçylaryň Prezident Erdogan hakyndaky beýannamasyna reaksiýa görkezdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çeligiň, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň we Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koheniň Prezident R. T. Erdogan hakynda beren beýannamasyna garşylyk görkezip, “Eli ganly Ysraýylyň hökümeti bir gün hökmany suratda jerimesini çeker” diýendigini nygtaýar.
“Hürriýet” gazeti, “Ministr Güler: 1868 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri ýurduň içinde we serhetaşa operasiýalarda 1868 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti, “Ministr Uraloglu: Zengezur üçin Azerbaýjan bilen ýakyndan işleşýäris” söz başyly habarynda, Azerbaýjanda geçirlen “Türki döwletleriň guramasynyň Ulaglar ministrleriniň maslahatynda çykyş eden Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň sebitde ýerleşýän ýurtlar üçin bähbitli boljak Zengezur koridorynyň gysga wagtda açylmagy üçin Azerbaýjan bilen ýakyndan işleşýändikleri hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.
“Star” gazeti, “THÝ, ABŞ-nyň ýene-de bir şäherine uçar saparyny guramaga başlady” söz başyly habarynda, THÝ-nyň Stambul howa menzilinden Detroýt Metropilitan Ueýn Kaunti howa menziline uçar saparyny guramaga başlandygyny habar berýär. THÝ, Detroýt Metropilitan Ueýn Kaunti bilen birlikde ABŞ-nyň 13 nobadyna uçar saparyny guraýar.