“Haber Türk” gazeti “Türkiýe ABŞ-ny Gaza üçin hüjümleri bes etmäge çagyrdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ankara sapara gelen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken bilen duşuşandygyny ýazýar. Ministr Fidan Blinkene Ysraýylyň Gazada asuda ilaty nyşana almagynyň öňüniň alynmalydygyny, hüjümleriň dessine bes edilmelidigini aýdandygyny ýazýar.
“Watan” gazeti “Blinken Ankarada sowuk garşylandy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ankara sapara gelen amerikaly kärdeşi Entoni Blinken bilen 150 minut dowam eden duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirmändigine ünsleri çekýär. Blinken Fidany gujaklamak islemedi, emma Fidan sowuk çemeleşdi.
“Hürriýet” gazeti “Dünýä mebugaty: türkler Blinkeniň meýilnamasyny bilýärdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň amerikaly kärdeşi Entoni Blinken bilen Ankarada geçiren duşuşygyna dünýä metbugatynyň giň orun berendigini mälim edýär.
Merkezi Katarda ýerleşýäň “Al Jazira” media organy; “Blinkeniň esasy missiýasy Ysraýyla wagt utdurmakdy.Türkler ony bilýär. Şol sebäpli sowuk garşylandy” diýip ýazdy.Britaniýanyň “Guardian” gazeti bolsa “Blinken Türkiýede beýle mähirli garşylanmady” diýip ýazdy.
“Ýeni Şafak” gazeti “Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Altun Ysraýylyň media organlaryna reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunuň Ysraýylyň media organlarynyň özüne we Prezident R.T.Erdogana garşy pozisiýa eýelemegine berk reaksiýa bildirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Altun; “Türkiýäniň adaladyň we hakykatyň ýanynda eýeleýän pozisiýasy kindir birini biynjalyk edýär.Emma biz kimiň garşy durýandygyna garamazdan Gazadaky gyrgynçylygyň bes edilmegi üçin elimizden geleni etmäge dowam ederis” diýdi.
“Star” gazeti “Eksportda rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 7,4 göterim ösüş edip, 22,9 milliard dollarlyk eksport edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.