Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Hakan Fidan: PKK/ÝPG kanuny nyşana” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ankaradaky terror hüjümini guran iki terrorçynyň Siriýadan gelendigini beýan edip, esasanda Yrakda we Siriýada PKK/ÝPG-niň ähli desgalarynyň mundan beýläk kanuny nyşanadygyny aýdandygyny ýazýar. Fidan; “Üçünji taraplaryň PKK/ÝPG-ä degişli desgalardan we adamlardan çetde durmagyny maslahat berýärin” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Aliýew: Türkiýesiz maslahat bolmaz” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkiýäniň gatnaşma şertiniň kabul edilmezligi sebäpli Ermenistan, ÝB, Fransiýa we Germaniýa bilen Ispaniýada geçiriljek gepleşiklere gatnaşmazlyk hakynda karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türk uçarmansyz howa ulaglary dünýäniň gün tertibindäki ýerini gorap saklaýar” söz başyly habarynda, dünýäniň ençeme ýurduna eksport edilen, uruşda we parahatçylykda iş alyp barýan türk ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglarynyň indi Amerikanyň gün tertibine gelendigini mälim edýär. “Bloomberg” žurnaly türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň özbolyşlygy we güýji hakynda ýazdy. “Nýuswik” žurnaly bolsa “Akynjy” hakynda öwgüli sözler ýazdy. “Al Arabiýa” bolsa türk ÝUHU-laryndan peýdalanýan Azerbaýjanyň gazanan ýenişine orun berdi.

“Star” gazeti “Türkiýäniň eksporty sentýabrda eksport goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň sentýabr aýyndaky eksportunyň ýyllyk 0,3 göterim ýokarlap, 22,6 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýä milliardlarça dollarlyk maýa goýum teklibi” söz başyly habarynda, täze ykdysady dolanşygyň eden başlangyçlarynyň daşary ýurtlularyň Türkiýä bolan garaýyşyna oňyn täsir edendigini, Merkezi bankyň başlygy Hafize Gaýe Erkanyň; “Merkezi bankymyzyň ätiýaçlaryna gönüden goşuljak milliardlarça dollarlyk teklip stolumyň üstünde durýar” diýendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe we Yrak Harby-Howpsuzlyk Hyzmatdaşlygy Hakynda Ylalaşyga Gol Çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär