“Sabah” gazeti, “Erdogan: Indi anyk netijelere garaşýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Ankarada guralan bombaly terrorçylykly hüjüm hakynda beren beýannamasynda: “Terrorçylykly hüjümi guran ganhorlar täsirsiz ýagdaýa getirilmedik bolsady daşary ýurda gaçyp giderdiler we kimdir biri tarapyndan syýasy taýdan goralardy.
Biz, bize gynanç bildiren dostlarymyzdan hüjümi ýazgarýan beýannamalary bilen birlikde terrora garşy göreşde anyk netijä garaşýtarys”diýen sözlerine ünsi çekýär.
“Habertürk” gazeti, “Güler: Serhetlerimizde gurulmak islenen terror koridory derbi-dagyn edildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň, “Terrory ýurduň içinde dolulygyna ýok etmegiň bäri ýanyna çenli geldik. Serhediň daşynda Türkiýä garşy guralmak islenen hüjümleriň hem öňü alyndy we serhetlerimizde gurulmak islenen terror koridory derbi-dagyn edildi” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti, “Türkiýäniň strategik ýerleşişi taýdan diýseň möhüm bolan taslama başlady” söz başyly habarynda, Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa As-Sudaniniň, Pars aýlagyndan Türkiýä çenli uzap gitjek Galkynyş ýoly taslamasynyň başlandygy baradaky sözlerine ýer berýär.
“Ýenişafak” gazeti, “Garabagdaky minalar ýerli detektor “OZAN” arkaly saplanýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş senagatynyň çäginde öndürlen “OZAN” mina detektorlarynyň, Azerbaýjan tarapyndan Garabagda mina saplaýyş işlerinde giňden ulanylýandygyny habar berýär.
“Hürriýet” gazeti, “Adele türk modaçyn saýlap aldy” söz başyly habarynda, dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan iňlis aýdymçy Adele, Las Wegasda beren konserdinde, türk modaçy Rufat İsmailiň diken gara köýnegi bilen sahna çykandygyny mälim edýär.