Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýenişafak” gazeti, “Prezident Erdogan: Garabag Azerbaýjandyr” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Azerbaýjanyň hatyralama gününde ähli şehitleri uly hormat bilen hatyralandygyny ýazýar. Prezident Erdogan, “Garabagyň we basyp alyşlyk astyndaky Azerbaýjanyň azatlyk göreşiniň başlangyjy bolan Hatyralama gününde ähli şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýaryn. Garabag Azerbaýjandyr” diýdi.

“Sabah” gazeti, “88 ýylyň iň ýokary çägi” söz başyly habarynda, Türkiýe nebitleri Anonim firmasynyň Baş müdüri Melih Han Bilginiň, Sakarýa gaz giňişliginde gündelik önümçiliginiň artdyryljakdygyny nygtap, “Türkiýe, şu günden başlan Sakarýa gaz giňişliginden günde 4 million kub metrlik gaz öndürmäge başlady. Şeýlelikde gaz önümçiligi Türkiýäniň 88 ýyllyk taryhynyň iň ýokary çägine ýetdi” diýen sözlerine ýer berýär.

“Habertürk” gazeti, “Ruslana: türk halkynyň berýän goldawy möhüm” söz başyly habarynda, ukrainaly aýdymçy, Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiň 2004-nji ýyldaky ýeňijisi Ruslananyň, ýurdunyň we halkynyň türk halkynyň özlerine berýän goldawyna kanagatlanmak bildirýändiklerini nygtap, “Berýän kömekleriňiz, Ukrainada halky halas edýär” diýn sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “Günorta Koreýaly sungat ussady: Türkiýä näme üçin doganlyk ýurt diýilýändigini duýdum” söz başyly habarynda, Günorta Koreýaly sungat ussady Gee Hýe Leeniň, maşaga uly ähmiýet berilýändigi, naharlary, mylaýymlygy ýaly dürlü özboluşlylygy sebäpli Türkiýäniň we Günorta Koreýanyň biri birine meňzeýändigini, şol sebäpli hem Türkiýä näme üçin doganlyk ýurt diýilýändigini duýdum” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Hürriýet” gazeti, “Antalýa 8 aýda 10 million 835 müň syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 19,45 göterim artyp 10 million 835 müň 204 adama ýetendigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Halaç Türkçesi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Fatih" burawlaýyş gämisi "Çaýjuma-1" tebigy gaz guýusyna bardy
Daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany artdy
Türkmenistanly dzýudoçy Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy
Türk mediasyna syn