Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidanyň Şwesiýanyň NATO agzalygy hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Türkiýä sapara gelen iňlis kardeşi Jeýms Klewerli bilen metbugat ýygnagyny geçirendigini ýazýar. Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda durup geçen ministr Fidan; “Türkiýe gol goýan ylalaşyklaryna wepalydyr. Taraplardan garaşylýan borçlar belli. İşler şuňa laýyklykda dowam edýär” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Ýerlikaýa: 258 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň düýn beren beýannamasynda 90 günde terror guramalaryna garşy 43,090 operasiýanyň geçirilendigini beýan edip, 258 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ministr Kajyr beýan etdi: Türkiýede maýa goýanlaryň ählisi gazandy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Koreýa Respublikasynda geçirilen 24-nji Bütindünýä maglumatlar maslahatynda daşary ýurtly maýadarlara ýüzlenip; “Türkiýä maýa goýanlaryň ählisi gazandy we gazanmaga dowam eder.

Sizi doly ynandyrasym gelýär.Zerur bolan godawy size bermek üçin irginsiz işleýäris.Geliň bilelikde işleşeliň we gazanalyň” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Gresiýa ölüme itdi, Türkiýe halas etdi” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan türk suw giňişligine itilen 28 bosgun bilen hereketlendirijisi döwülen gaýykdaky 16 bosgunyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleri tarapyndan halas edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Deňizlide 9 million ýyllyk fosiller tapyldy” söz başyly habarynda, Deňizli welaýatynyň Tawas etrabynda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde 9 million ýyllykdygy çaklanylýan haýwan fosilleriniň tapylandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny