Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Erdoganyň konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy baradaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýe Asyry maksadyna ýetilmegi üçin konstitutsiýanyň demokratiýa taýdan has erkin täze tekstiniň taýarlanmalydygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Prezident Erdogan konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy üçin parlamentdäki ähli syýasy toparlar bilen gepleşik geçirjekdiklerini nygtady.

“Sabah” gazeti, “Erdogandan Liwiýa duýgudaşlyk telefony” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Liwiýanyň Prezidium Geňeşiniň Başlygy Muhammed Al Menfi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdigini ýazýar. Prezident Erdogan, Liwiýadaky sil apaty sebäpli Menfä gynanç bildirdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Erdogan bize ders berýär” söz başyly habarynda, Ysraýylyň köp tiražly “Haaretz” gazetiniň žurnalisti Zwi Bareliň makalasynda Türkiýe bilen Ysraýyly deňeşdirendigini mälim edýär. “Erdogan Ysraýyla Liberalizm dersini berýär” söz başyly makalasynda, adam hukuklaryna üns bermeýän Resmi Tel Awiwi berk tankyt eden Zwi Barel, Erdoganyň adam hukuklaryna sarpa goýýan tutumy bilen Ysraýyla ders berýändigini belledi.

“Star”gazeti, “ÝB: Türkiýe biziň üçin esasy orun eýelemäge dowam edýär” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden we goňşuçylykdan jogapkär agzasy Oliwer Warhelýiniň “Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarymyz biziň üçin diýseň möhüm. Türkiýe dalaşgär ýurt bolmaga, NATO agza, ýakyn goňşy we Ýakyn Gündogar, Günorta Kawkaz we Gara deňiz sebitleriniň durnuklylygy we howpsuzlygy taýdan esasy orun eýelemäge dowam edýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “DKTR, BMG-na reaksiýa görkezdi” söz başyly habarynda, Kiprde geçen aý BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda ýerleşýän Pile obasynda gumanitar maksatly ýoluň gurulmagy meselesinde BMG-nyň parahatçylyk güýji bilen başdan geçirlen dartgynlykdan soň öňňin paýtagt Lefkoşada ikinji dartgynlygyň başdan geçirendigini mälim edýär. DKTR-nyň Ersin Tatar, “BMG-nyň bitaraplygyna zeper ýetirdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi