Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan bilen Paşinýanyň arasyndaky möhüm söhbetdeşlik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendiginiýazýar.Telefon söhbetdeşlkiginde Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklary we sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşyldy. Şeýle hem liderler sebitde durnukly parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynyň sebit ýurtlarynyň ählisiniň galkynyşyna we abadançylygyna goşant goşjakdygyny nygap, bu ugurdaky diplomatik tagallalaryň dowam etjekdigini beýan etdiler.

“Watan” gazeti “Türkiýä karz akymy başlaýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň yglan edilen Orta möhletli maksatnamanyň dünýäde oňyn seslenmeler döredendeigini we bazarlarda tapawutly hereketlenmäniň başlandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Daşary ýurtlardan Türkiýä karz akymy hem başlaýar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdoganyň günbatar ýurtlaryna galla geçelgesi boýunça çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň galla geçelgesi boýunça Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleriň dowam etjekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär. “Russiýanyň talaplary açyk” diýen Erdogan, “Günbatar ýurtlary Türkiýäniň tagallalasyny kanagatlanma bildirmek bilen bilelikde özleri hem tagalla etmeli, beren sözlerinde durmaly” diýdi.

“Star” gazeti “Gazagystan: Türkiýä kanagatlanma bildirýäris” söz başyly habarynda, Gazagystanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Murat Nurtilewiň; “Ankaranyň dünýädäki pozisiýasy güýçlenýär we abraýy artýar. Türkiýe global çökgünligi we sebitleýin çaknyşyklary çözmekde işjeň pozisiýa eýeleýär” diýen sözlerini çap edýar. Gazak ministri “Biz Türkiýäniň ykdysadyýet, bilim, daşary syýasat we beýleki ugurlardaky üstünliklerine kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Fitch-iň Türkiýe boýunça analiz” söz başyly habarynda, halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitjh Raýtingiň” uly Direktory Erih Arispe Moralesiň Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde garaşylýanyndan ýokarda ösüş edendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. MOrales; “Ykdysady ösüşiň şu ýul takmynan 4,3 göterime barabar boljakdygyny çaklaýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara Jemgyýetçiligi Ysraýyla Reaksiýa Bildirmeli