“Haber Türk” gazeti, “Prezident Erdogan G-20-niň liderler sammitinden soň beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn G-20-niň liderler maslahatynyň öz işini tamamlamagyndan soň beýannama berendigini ýazýar. Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmelidigini aýdan Prezident Erdogan “Russiýa galla meselesinde çetleşdirlip bilinmez” diýdi.
Sammitiň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen söhbet edendigini aýdan Erdogan, “F-16 meselesi hakynda pikir alyşdyk. Şwesiýa meselesini öňe sürýärler, bu meselede soňky karary TBMM kabul eder” diýip belledi.
“Sabah” gazeti, “Erdogan Täze Delide möhüm duşuşyklar geçirdi” söz başyly habarynda, Hindistanyň paýtagty Täze Delide geçirlen G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşan Prezident R.T.Erdoganyň, sammitiň çäginde möhüm duşuşykar geçirendigini mälim edýär.
Sammitiň birinji güni Ýaponiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Braziliýanyň, Günorta Koreýanyň we Germaniýanyň lideri bilen duşuşan Erdogan düýn hem Saud Arabystanynyň mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman, Müsüriň Prezidenti Abdulfettal as Sisi we Ýewropa Geňeşinin başlygy Çarles Mişel bilen duşuşdy.
“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdogan, Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň düýn Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Erdogan bilen Aliýew telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler, Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşyklary we Azerbaýjanyň Garabag sebitinde soňky günlerde başdan geçirlen wakalar hakynda pikir alyşdy.
“Star” gazeti, “Türkiýeden Serbiýa ýüzlenme” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Serbiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hami Aksoýyň, Türkiýe-Serbiýa gatnaşyklarynyň gün saýyn pugtalaýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Ýeni Şafak” gazeti, “Türkiýäniň ilkinji zenan hüjüm dikuçar uçarmanynyn Diýarbakyrda ilkinji uçuşyny amala aşyrandygyny habar berýär.
Türkiýänin ilkinji zenan hüjüm dikuçar uçarmany Özge Karabulut, düýn ATAK dikuçary bilen Diýarbakyrda ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.