Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogan: Türkiýäniň galkynyşy dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasibetli düýn Prezidentiň kompleksinde geçirlen dabarada çykyş edendigini ýazýar. Çykyşynda Türkiýäniň sebitde başdan geçirilýän krizisiň çözülmeginde uly rol oýnaýandygyny nygtan Erdogan, “Güýjüni dostlary bilen paýlaşýan Türkiýäniň galkynyşy dowam eder” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “Erdogandan KAAN hakynda beýannama” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn Milli Goranyş uniwersitetiniň Guri ýer güýçleri mekdebiniň gutardyş dabarasynda eden çykyşynda, “Milli harby uçar KAAN-y 2023-nji ýylyň ahyrynda gök asmanda göreris” diýendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “Türkiýe ilkinji gezek esasy ýurt bolar” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda baglaşylan şertnama görä, 2024-nji ýylda ýurduna 300 million kub metrlik türk tebigy gazynyň geljekdigini nygtan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto, “Türkiýe ilkinji gezek diňe üstaşyr ýurt däl eýsem şol bir wagtda esasy çeşme bolar” diýen sözlerine ýer berýär.

“Watan” gazeti, “TEKNOFEST joşguny Ankarada başlady” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly awiasiýa, emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly TEKNOFEST-iň Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100-njy ýylynda paýtagt Ankarada düýn dabaraly ýagdaýda açylandygyny habar berýär.

“Hürriýet” gazeti “Woleýbolçy gyzlar ýarym finalda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasynyň, Ýewropa çempionadynda çärýek finalda Polşany 3-0 hasabynda ýeňip, ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär