“Sabah” gazeti “ErdoganÇ Türkiýe maksatlaryna tarap ynam bilen öňe barýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň global ykdysadyýetde we sebitde başdan geçirilýän käbir kynçylyklara garamazdan Türkiýäniň maksatlaryna tarap ynam bilen öňe barýandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Türkiýe birnäçe asyr soň global ulgamyň iň ýokary ligasyna çykmaga şert tapdy” diýdi.
“Hürriýe” gazeti “Erdogan ýene-de bir gezek töwellaçy” söz başyly habarynda, Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýändigine garamazdan dünýäniň umyt bilen garaşýan habarynyň Russiýadan gelip gowşandygyny ýazýar. Rus metbugaty parahatçylyk üçin Prezident R.T.Erdoganyň ýene-de bir gezek töwellaçy bolmaga taýýarlanýandygyny ýazdy.
“Ýeni Şafak” gazeti “Grek mediasy: Türkiýe günbataryň Afrikadaky tagtyny çaýkaýar” söz başyly habarynda, Ankaranyň Afrikada günsaýyn güçlenýän pozisiýasynyň Gresiýanyň gün tertibiniň ugurlaryndan birine öwrülendigine ünsleri çekýär. Türkiýäniň materikde ýerleşýän ýurtlar bilen gowy gatnaşyklar edýändigini ýazýan grek metbugaty, ösýän Türkiýe-Afrika gatnaşyklarynyň günbataryň Afrikadaky hökmüworanlygyny ejizledendigine okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “ÝB bilen Türkiýäniň arasynda möhüm gepleşik” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň söwda işlerinden jogapkar orunbasary Waldis Dombrowskis bilen iňňän netijeli duşuşyk geçirendigini nygtap, “Onlaýn formatda geçirilen duşuşykda Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda täze döwürde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň düzülmegi boýunça ylalaşdyk” diýendigini mälim edýär.