Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýazýar. Liderler Putiniň Türkiýä sapary guramagy boýunça ylalaşdylar. Erdogan “parahatçylyk köprüsi” atlandyran Gara deňiz başlangyjynyň uzak möhlet bes edilmeginiň hiç kime bähbit getirmejekdigini nygtady.

“Hürriýet” gazeti “Amerikan mediasy ýazdy: Täze dünýä ulgamy gurulýar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň esasy ýaýlym organlaryndan biri bolan “JNBJ” sentýabr aýynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygynyň aňyrsynda günbataryň däl, eýsem Prezident Erdogan bilen Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed bin Salmanyň durýandygyny beýan edip, onuň täze dünýä ulgamynyň gurulýandygyny görkezýändigini ýazdyandygyny habar berýär.

“Watan” gazeti “Disneýiň “Atatürk” serialy hakyndaky masgaraçylykly kararyna reaksiýa” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Ömer Çeligiň merkezi ABŞ-da ýerleşýän serial-film platformasy Disneýiň “Atatürk” serialyny ýaýlymdan aýyrmagyna reaksiýa bildirendigini ýazýar. Çelik; “Bu, günbataryň demokratiýasynyň başdan geçirýän çökgünligi bilen bagly ýagdaýdyr” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul howa menziline “Global Traweler” žurnalyndan iki baýrak” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Global Traweler” žurnaly tarapyndan yzly yzyna ikinji gezek “İň amatly üstaşyr geçiş howa menzili” we “Maşgalalar üçin iň amatly howa menzili” baýraklaryna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “İňlis halk deputaty: DKTR näme üçin garaşsyz döwlet bolmaly däl?” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Demokratik jebislik partiýasynyň halk deputaty Sammý Wilsonuň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň BMG tarapyndan garaşsyz döwlet hökmünde ykrart edilmezligi üçin hiç hili sebäbiň ýokdugny nygtap, DKTR-nyň ykrar edilmegine goldaw berendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
81-nji minutda oýna girip, 90-njy minutdan soň 2 gol geçirdi
“Adidasy” “Reebok”-y satmakçy bolýar
Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi
Nobeliň ykdysadyýet baýragynyň eýeleri mälim edildi