Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Abbas we Hamasyň lideri Haniýýa bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýä resmi sapar bilen gelen Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas we Hamasyň lideri İsmail Haniýýa bilen düýn Prezidentiň kompleksinde duşuşandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Erdogan Hytaýyň Daşary işler ministri Wan İni kabul etdi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň düýn Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň agzasy, Halkara gatnaşyklar boýunça merkezi toparyň Direktory we Daşary işler ministri Wan İni kabul edip, Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Daşary işler ministrligi: BMG-niň mukaddes kitaplar hakyndaky kararyna kanagatlanma bildirýäris” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň BMG-niň Baş Assambleýasynda mukaddes kitaplary kemsitmegi halkara hukugyň bozulmagy hökmünde kabul edýän we şeýle aksiýalary berk ýazgarýan karar taslamasynyň kabul edilmegine öz kanagatlanmasyny bildirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Täjigistanyň arasynda harby we maliýe hyzmatdaşlygy ylalaşygy” söz başyly habarynda, özara gepleşikleriň geçirilmegine şert döreden Halkara goranyş senagaty sergisinde Türkiýe bilen Täjigistanyň arasynda maliýe hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyk bilen nakt kömek bermek boýunça teswirnama gol çekişilendigini mälim edýär. Teswirnama Milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen Täjigistanyň Goranmak ministri general Şerali Mirzo gol goýdy.

“Hürriýet” gazeti “Hyzmatdaşlyk ylalaşygy 100 müň adama iş üpjünçiligini döreder” söz başyly habarynda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ankaradaky İlçisi Said Sani az-Zahiriniň 1-nji sentýabrda güýje girjek Türkiýe-BAE Giňeldilen ykldysady hyzmatdaşlyk ylalaşygy bilen Türkiýede 100 müň adama iş üpjünçiliginiň dörediljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny