“Star” gazeti, “Erdogan: Hyzmatdaşlarymyzyň PÝD/ÝPG bilen edýän gatnaşyklary hyzmatdaşlyga zeper ýetirýär” söz başyly habarynda, NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyndan soň metbugata beýannama beren Prezident R. T. Erdogan, “Käbir hyzmatdaşlarymyzyň PÝD/ÝPG bilen edýän gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň jebisligine we bitewiligine zeper ýetirýär. Munyň makul hiç hili tarapy ýok” diýen sözlerine ýer berýär.
“Habertürk” gazeti, “Erdogan: Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde karary TBMM kabul eder” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Şwesiýanyň NATO agzalygy etabynda “Möhüm karary TBMM kabul eder. Etabyň gysga wagtda tamamlanmagyny isleýäris” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti, “Baýdenden Erdogana wideoly sagbolsun” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň çäginde Prezident Erdogan bilen geçiren duşuşygy baradaky wideo sýužýetlere sosial mediada ýer berip “Batyrgaýlygyňyz, liderligiňiz we diplomatiýaňyz üçin sagbolsun aýdýarys” diýendigini nygtaýar.
“Sabah” gazeti, “BMG, Türkiýä “galla geçelgesi ylalaşygy üçin” sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde eden tagallalary üçin Türkiýä sagbolsun aýdandygyny habar berýär.
“Ýenişafak” gazeti, “Kurtulmuş: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň ýitirer ýaly wagty ýok” söz başyly habarynda, resmi sapar bilen Azerbaýjana giden TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuşyň, saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew we Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşandygyny mälim edýär. Numan Kurtulmuş “Türkiýe hökmünde galan ýerimizden ýolumyza dowam edýäris. Biziň hem Azerbaýjanyň hem ýitirer ýaly wagty ýok” diýdi.