Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Stoltenberg; Türkiýäniň kanuny aladalaryna düşünýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen Stambulda, Dolmabahçe köşkünde duşuşandygyny ýazýar.Stoltenberg duşuşyk hakynda; “Türkiýäniň kanuny howpsuzlyk aladalary hakynda pikir alyşdyk. Şwesiýa Türkiýäniň aladalarynyň ortadan aýrylmagy üçin başlangyç etdi” diýdi. Ýens Stoltenberg 12-nji iýunda Şwesiýanyň, Türkiýänin we NATO-nuň wekilleriniň duşuşyk geçirjekdigini hem mälim etdi.

“Sabah” gazeti “Hakan Fidana dünýäden gutlag ýagdy” söz başyly habarynda, daşary işler ministrligine bellenen Hakan Fidana dünýäniň ençeme ýurdunda gutlag ýüzlenmeleriniň gelmäge başlandygyny ýazýar.Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Emir Abdullahiýan, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Fransiýanyň Daşary işler ministri Ketrin Kolonna, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Estoniýanyň Daşary işler ministri Margus Sakna, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrýom, Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodrigez sosial media hasaplaryndan Fidany gutlap, wezipesinden üstünlik arzuw etdiler.

“Star” gazeti “Hakan Fidan grek metbugatynda” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrligine Hakan Fidanyň bellenmeginin Gresiýada uly seslenme döredendigine ünsleri çekýär. Fidanyň iňňän zehinli diplomatdygyny ýazan grek metbugaty; “Fidan Ýakyn Gündogar, Demirgazk Afrika we Kawkaz ýaly diplomatiýanyň innän dartgynly sebitlerinde gepleşikleri alyp barypdy. Soňky gezek Müsürde jogapkärçilikli iş alyp bardy we soňunda gapyny açmagyň hötdesinden geldi” diýip ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Ykdysadyýetde täze döwür” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň wezipäni dabara bilen Nureddin Nebatiden kabul edip alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Mehmet Şimşek; “Hökümetimiziň esasy maksady jemgyýetiň eşretli ýaşaýyşyny üpjün etmekdir. Öňümizdäki döwürde şol maksada ýetmek üçin aç-açanlyk, ygrarlylyk, durnuklylyk, halkara kadalary berjaý etmeklik başlangyç ýörelgelerimiz bolar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk esgeri Kosowada “deňagramlylygy gorar” söz başyly habarynda, Kosowanyň demirgazygyndaky albanlar bilen serpleriň arasyndaky dartgynlygyň möwç alýan günlerinde türk harby goşunlarynyň NATO-nuň Kosowadaky güýçleriniň çäginde ýurda türk komandos bölümini ugradandygyny ýazýar.

Kosowaly analistik Mehmet Kalisi türk komandos güýjüni Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujijiň Prezident Erdogandan soran bolma ähtimalynyň bardygyny, sebäbi iki tarapyň hem Türkiýä ynanýandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan NATO-nyň maslahatyna gatnaşdy
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
NATO, Ukraina Ýylda 40 Milliard Ýewrolyk Harby Kömegiň Berilmegini Teklip Etdi
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi