“Star” gazeti, “Erdogan: “Parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin işläris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Türkiýäniň Biržalar we palatalar bileleliginiň 79-njy maslahatynda eden çykyşynda “Ýakyn töweregimizde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin uly jogapkärçilik alyp, sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň gaýtadan üpjün edilmegi üçin işläris.
Diplomatiýa taýdan edýän tagallalarymyz hem sebit ýurtlary bilen ykdysady we söwda taýdan edýän hyzmatdaşlygymyzy güýçlendireris” diýen sözlerine ýer berýär.
“Habertürk” gazeti, “Gündogar Gara deňizden 4 aýda 28,5 million dollarlyk türk losos balygy eksport edildi” söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňizden ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde losos eksportynyň 227 göterim artyp 28 million 479 müň 226 dollara barabar bolandygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti, “Karaismailoglu:3-nji otly tapgyrynyň üstümizdäki ýylyň 3-nji çärýeginde tamamlanmagy meýilleşdirilýär” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglunyň, 27-nji maýda ilkinji saparyna başlan milli otly barada beren beýannamasynda, 3-nji otly tapgyrynň önümçilik desgasyndaky synaglarynyň dowam edýändigini nygtap, “Üstümizdäki ýylyň 3-nji çärýeginde ýolagçy gatnawyna başlamagy meýilleşdirilýär” söz diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Ýenişafak” gazeti, “THÝ iň güýçli howa ýoly markalarynyň sanawynda 8-nji orny eýeledi” söz başyly habarynda, Türk Howa Ýollarynyň, “Dünýäniň iň güýçi howa ýoly firmalarynyň sanawynda 78,1 bal bilen 8-nji orny eýeländigini ýazýar.
“Sabah” gazeti, “Super ligada çempion Galatasaraý” söz başyly habarynda Spor Totot Super ligada MKE Ankaragüýjüni 4-1 ýeňen Galatasaraýyň liganyň gutarmagyna 2 hepde galanda çempion bolandygyny ýazýar.
Galatasaraý şeýlelikde 3 ýyl soň 23 -nji gezek ligada çempion boldy.