“Watan” gazeti, “Türkiýe, dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 13-nji prezidentiniň saýlanmagy üçin 28-nji maýda halkyň ýene-de bir gezek ses berjekdigini ýazýar.
Saýlaw bäsleşigi R. T. Erdogan bilen Kemal Kylyçdaroglunyň arasynda geçer. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem 2023-nji ýylyň esasy wakalaryndan biri hökmünde görkezilýän saýlaw bilen ýakyndan gyzyklanýar.
“Star” gazeti, “Dünýäniň gün tertibinde Türkiýe bar” söz başyly habarynda, 14-nji maýda geçirlen Prezident we parlament saýlawlary hakynda habarlaryň daşary ýurt metbugatynda giňişleýin ýer alandygyny habar berýär.
“Waşington Post” saýlaw hakyndaky habaryny “Prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda Erdogan uly mümkinçilige eýe” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.
“Finansial Taýmes” “Erdogan üstünligini goraýar” diýip ýazdy.
Nemes “Şpigel” žurnaly “Sowalnamalaryň netijeleri ýalňyş çykdy, Erdogan ýokary ses aldy” söz başysyny saýlap alypdyr.
“Haber Türk” gazeti, “Ýokary saýlaw geňeşiniň daşary ýurtly saýlawçylar hakyndaky karary” söz başyly habarynda, Ýokary saýlaw geňeşiniň, Türkiýede 28-nji maýda geçiriljek prezident saýlawynyň ikinji tapgyry üçin ABŞ-da, Kanada-da, Awstraliýada, Irlandiýada we Britaniýada ses bermek möhledini 2 günden 4 güne çykarylmagy hakynda karar kabul edendigini mälim edýär.
Saýlawçylar adya gzalýan ýurtlarda maý aýynyň 20-24-i aralygynda ses berer.
“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogan: Soňky terroçy ýok edilýänçä egişliksiz göreş dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Şyrnakda Bestler Dereler etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy alnyp barylýan operasiýada şehit bolan esgerler üçin gynanç ýüzlenmesini çap edendigini ýazýar.
Erdogan beren beýannamasynda; “Ekstremist terror guramasy PKK we ýaranlaryna garşy göreşimiz serhetlerimiziň çäginde we daşynda dowam eder” diýdi.
“Sabah” gazeti “Çanakgalada ýiten şehitlik tapyldy” söz başyly habarynda, Çanakgala 18-nji Mart uniwersitetiniň Atatürki we Çanakgala söweşlerini öwreniş merkeziniň Müdiri Doktor Baryş Borlat bilen Harby taryh bilermeni Ömer Arslanyň 1000 arhiw resminamasyny seljerip, 108 ýyl soň Jonkbaýyry söweşinde ýiten şehitligi tapandygyny ýazýar.
Arslan “Bu anyklanan ýerde birnäçe şehidimize degişli kellçanaklary, süňk böleklerini gonamçylyk formasyndaky daş üýşmeklerini gördük” diýdi.