Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ýener beýan etdi: Saýlaw ikinji tapgyra galdy” söz başyly habarynda, Ýokary saýlaw guramasynyň Başlygy Ahmet Ýeneriň; “Türkiýede ýekşenbe güni geçirilen Prezident saýlawynda dalaşgärleriň ýeterlik sesi alyp bilmändigini wbe ozal yglan edilen saýlaw tertbine görä 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda ikinji tapgyr saýlawyň geçirilmegine karar berilendigini” beýan edendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Dünýä metbugatynda 14-nji maý saýlawlary” söz başyly habarynda, Prezident we Mejlisiň 28-nji çagyrlyşynyň saýlawlarynyň Ýewropa metbugatynda giň seslenme döredendigini ýazýar. Saýlaw hakynda birinji sahypadan habar beren Ýewropanyň köp sanly ýaýlym organy we neşirýaty, 85 göterimden gowrak gatnaşygyň bolandygyna ünsi çekip, türk saýlawçysynyň saýlawa bolan gyzyklanmasyna ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “ABŞ: Talaplaryny parahatçylykly ýollardan beýan eden türk halkyny gutlaýarys” söz başyly habarynda, Parlament we Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryndan soň ABŞ-dan saýlawlar hakynda beýannama berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident Jo Baýden üstün çykanyň kim boljakdygyna garamazdan bilelikde işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Kreml Türkiýedäki saýawlar hakynda ilkinji beýanatyny berdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metgbugat sekretary Dmitriý Peskowuň Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda köp sanly ugurda edilýän hyzmatdaşlyk sebäpli Türkiýedäki saýlawlar bilen ýakyndan gyzyklanandyklaryny nygtap; “Türk halkynyň islegine sarpa goýýarys we goýarys. Emma her şertde hyzmatdaşlygymyzyň dowam etmegine, çuňlaşmagyna we giňelmegine garaşýarys” diý sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “ÝB-niň Türkiýedäki saýlawlar hakynda ilkinji garaýyşy” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula won der Leýýeniň saýlawlar hakyndaky beýanatynda; “Saýlawlara bolan ýokary gataşygyň gowy habardygyny pikir edýärin” diýendigini ýazýar. Leýýen bilelikde beýannama beren ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bolsa; “Netije bilen ýakyndan gyzyklanyr” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny