Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýenişafak” gazeti, “Gepleşiklere ýer eýeçiligini etmäge taýar” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdogan bilen Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy goşun generaly Abdulfetah Abdurrahman el Burhanyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Erdogan bilen Burhan telefon söhbetdeşliginde, Sudandaky türkleriň ewakuasiýa edilmegi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdepliginde Sudanda giň gerimli gepleşikleriň geçirilmegi barada karar kabul edilen halatynda gepleşiklere ýer eýeçiligini etmäge taýardyklaryny ýatlatdy.

“Star” gazeti, “Türkiýe Ysraýyla Gaza sebäpli garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň, Ysraýylyň Gazada guran, zenanlar we çagalar bilen birlikde palestinalylaryň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümini näletländigini mälim edýär.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “Şuňa meňzeş hüjümler kabul edilmesiz” diýildi.

“Habertürk” gazeti, “Galla geçelgesi ylalaşygy dowam etdirler” söz başyly habarynda, Russiýanyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygyny saklandygyny mälim edendigini, Milli Goranmak ministrligine ýakyn töwerekleriň bolsa Türkiýäniň tagallasy netijesinde galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdiriljekdigine ünsi çekendigini belleýär.

“Sabah” gazeti, “Akar: Gabarda indi terrorçy ýok, nebit bar, baýlyk bar” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, terrora garşy göreşde ýetilen sepgide ünsi çekip “Şyrnak Gabarda indi terrorçy ýok, nebit bar, baýlyk bar” diýen sözlerini okyjylarynyn dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti, “Otag, ýer titremesinde çekilen ýitgini 20 minutda anyklar” söz başyly habarynda, uçarmanly gözegçilik uçary “Otag”yň ýer titremelerine sezewar bolan halatynda, şol sebitlerde 20 minutda ýykylan ýerleri, zeper ýetirlenm ýollary we köprüleri anyklajakdygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
ABŞ-nyň, Kataryň we Müsüriň Daşary Işler Ministri Ýesir Çalşygy Hakynda Pikir Alyşdy
Ýewropanyň edebiýat baýragyna dalaşgär
Kiprde agajy kakan sürüji türkmen migranty agyr ýagdaýda
Aşgabatlylar Nepangar Jagruti Kala Kendra hindi tans toparynyň döredijiligi bilen tanyşdylar
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy