Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Çawuşoglu, Türkiýäniň Sudandaky ilçisi Çobanoglunyň ulagyna od açylmagy barada beýannama berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Türkiýäniň Sudandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İsmail Çobanoglunyň ulagyna od aylmagy meselesinde Sudanyň harby goşuny we Goldaw güýçleri bilen gepleşik geçirýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär. Çawuşoglu “Wakada ýaralanan bolmady, emma ulaga uly zeper ýetirildi” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Fatih, Amasra-3-de burawlaýyş işlerine başlady” söz başyly habarynda, Türkiýe nebitleri firmasy TPAO-nyň, Fatih burawlaýyş gämisiniň Amasra-3-de burlawlaýyş işlerine başlandygyny habar berendigini ýazýar.

TPAO-nyň Twitterden beren habarnamasynda, “Enegetika pudagy boýunça garaşsyz bolmagy maksat edinýän Türkiýe, maksadyna ýetmek üçin gury ýerde we deňizde gözleg işlerini dowam etdirýär” diýildi.

“Watan” gazeti, “Gabar nebiti akmaga başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýokary hili nebitiniň Gabarda akdyrylmaga başlanandygyny habar berýär. Gabarda 1 milliard barrelik nebit ätiýajynyň bardygy anyklandy.

“Star” gazeti, “Britaniýaly alymdan Türkiýe hakynda öwgüli sözler” söz başyly habarynda, dünýäde Türkiýäniň täsiriniň gün saýyn güýçlenýändigini ýatladan Britaniýaly alym Nikolas Kallyň, TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň Türkiýäniň güýjüne güýç goşandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, “TRT Tabii ýaýlymlaryna başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-nyň sanly habar platformasy “Tabii”niň uzak dowam eden taýarlyk etabyndan soň düýç ýaýlymlaryna başlandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar
Uýgur Türkçesi